Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Kosta-Rika Respublikasynyň Ilçisi we bu ýurtdaky Diplomatik korpusyň Duaýeni bilen duşuşyk geçirdi

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Kosta-Rika Respublikasynyň Ilçisi we bu ýurtdaky Diplomatik korpusyň Duaýeni Fransisko H. Çakon Ernandes bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk mähirli we guramaçylykly ýagdaýda geçirildi.
Taraplar ykdysadyýet, maýa goýumlar, bilim, ylym hem-de durnukly ösüş ýaly ugurlarda BAE bilen hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini nygtadylar.
Ilçi Çakon Kosta-Rikanyň BAE bilen hyzmatdaşlygynda gazanan oňyn tejribesini paýlaşyp, onuň Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagynyň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýetlidigini belläp geçdi.
Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek baradaky umumy gyzyklanmalaryny tassykladylar.