Türkmenistanyň BAE-däki Ilçihanasynda «KMT Technologies DMCC» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory bilen duşuşyk geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasynda Ilçi Baýram Baýramow bilen «KMT Technologies DMCC» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory jenap Moşe Azar bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda sanly özgerişlik, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar milli maglumat-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek hem-de sanly infrastrukturany berkitmek boýunça innowasion çözgütler barada pikir alyşdylar.

Iki tarap hem tehnologiýalaryň ösmegine, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen gepleşikleri we özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdiler.