Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ilçileriniň Abu-Dabi şäherindäki duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow bilen Özbegistan Respublikasynyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Abdulaziz Akkulow Abu-Dabi şäherindäki Özbegistanyň Ilçihanasynda duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda Ilçi Abdulaziz Akkulow Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara hormat, umumy taryh we medeni gatnaşyklaryna esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny nygtady.

Taraplar dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar, hem-de iki ýurduň ýolbaşçylarynyň soňky döwürde geçirilen ýokary derejeli saparlarynyň we gepleşikleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de olaryň türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny berkitmekde ähmiýetini belläp geçdiler.

Duşuşyk Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky däp bolan dostlugyň, goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ruhuny beýan edýän özara düşünişmek ýagdaýda geçdi.