Türkmenistanyň we Gazagystanyň Ilçileriniň Abu-Dabi şäherindäki duşuşygy
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow bilen Gazagystan Respublikasynyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Rauan Žumabek Abu-Dabidäki Gazagystan Respublikasynyň Ilçihanasynda duşuşdylar.
Ilçi Rauan Žumabek Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky özara hormata, umumy gymmatlyklara we ýakyn goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryny nygtady.
Taraplar iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky soňky ýokary derejeli saparlaryň we gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp geçdiler, olaryň strategik hyzmatdaşlygy hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýandygyny nygtadylar.
Ilçiler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşdylar, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we diplomatik tejribelerini paýlaşdylar.