Türkmenistanyň we Türkiýäniň Ilçileriniň Abu-Dabi şäherindäki duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow bilen Türkiýe Respublikasynyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi jenap Lutfulla Göktaş Abu-Dabi şäherindäki Türkiýe Respublikasynyň Ilçihanasynda duşuşyk geçirdi.

Ilçi Lutfulla Göktaş Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky taryhy, medeni hem-de dil taýdan baglanyşdyryjy gatnaşyklar barada belledi.

Taraplar iki doganlyk ýurduň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň iki ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan üstünlikli ösdürilýändigini nygtadylar. Duşuşykda syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Ilçiler diplomatik tejribelerini paýlaşdylar we Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi has-da pugtalandyrmaga bolan ygrarlylykleryny tassyk etdiler.