Türkmenistanyň we Gyrgyz Republikasynyň Ilçileriniň Abu-Dabi şäherindäki duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Aman Saliýew Abu-Dabi şäherindäki Gyrgyz Respublikasynyň Ilçihanasynda duşuşyk geçirdiler.

Ilçi Saliýew täze wezipä bellenilmegi bilen Ilçi Baýramowy gutlady we oňa işinde üstünlik arzuw etdi. Ol Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky umumy taryha, medeniýete hem-de özara hormata esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gadymy we ynamly häsiýete eýedigini nygtady.

Taraplar türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar, soňky döwürde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar we syýasy, söwda, medeni hem-de ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň ähmiýetini bellediler.

Ilçi Baýram Baýramow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine kanagatlanma bildirdi we dostluk hem-de goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyk etdi.

Duşuşyk iki ýurduň arasyndaky doganlyk, dostluk we özara düşünişmek ruhuny beýan edýän ýagdaýda geçdi.