Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisiniň Belarus Respublikasynyň BAE-däki Ilçisi bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabi şäherindäki Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynda bu ýurduň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Igor Bely bilen duşuşdy.

Ilçi Bely täze wezipä bellenilmegi bilen Ilçi Baýramowy gutlap, oňa täze işinde uly üstünlikler arzuw etdi hem-de özüniň BAE-däki diplomatik tejribesi bilen paýlaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de söwda, ykdysadyýet, bilim we medeniýet ugurlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmegine taýýardygyny beýan etdiler.

Duşuşyk dostlukly we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçdi, bu bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we özara hormatyň ýokarydygyny görkezdi.