Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisiniň Ukrainanyň BAE-däki Ilçisi bilen tanyşlyk duşuşygyny geçirdi
2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow, Ukrainanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Oleksandr Balanutsa bilen tanyşlyk duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de diplomatlar özara gyzyklanma döredýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyk dostlukly we özara düşünişmek ýagdaýda geçip, taraplaryň Türkmenistan bilen Ukraina arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge bolan bilelikdäki gyzyklanmalaryny tassyk etdi.