BAE-däki Türkmenistanyň we Kuweýtiň Ilçileriniň arasynda duşuşyk geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow, Kuweýt Döwletiniň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Jamal M. Al-Ghunaim bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, söwda, maýa goýum we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem duşuşykda 2025-nji ýylyň «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara foruma Kuweýt Döwletinden wekiliýetiň gatnaşmagy meselesine aýratyn üns berildi.