Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Ermenistanyň BAE-däki Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Ermenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Karen Grigorýan bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary, şeýle hem ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle-de, diplomatlar diplomatik işiň dürli ugurlary hem-de özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir we tejribe alyşdylar.