Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Mongoliýanyň BAE-däki Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

photo

2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Mongoliýanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Odonbaatar Şijeehuu bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Taraplar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak boýunça yzygiderli gepleşikleri dowam etdirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.