Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Moldowa Respublikasynyň BAE-däki Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Moldowanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Anatol Wangel bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçiler BAE-de alyp barýan diplomatik iş tejribeleri barada pikir alyşdylar hem-de ýurtlaryň arasynda ýola goýulan dostlukly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, yzygiderli aragatnaşyklary dowam etdirmek isleglerini beýan etdiler.