Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Eýran Yslam Respublikasynyň BAE-däki Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi B.Baýramow Eýranyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Reza Ameri bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň ýokary derejede dowam edýändigini nygtap, ykdysady, syýasy we ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Ilçiler şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen yzygiderli dialogy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.