BAE-niň Weteran diplomatlar geňeşiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi B.Baýramow Abu-Dabi şäherinde Abu-Dabi şäherine täze gelen Ilçiler üçin BAE-niň Daşary işler ministrliginiň Weteran diplomatlar geňeşi tarapyndan gurnalan günortanlyk naharyna gatnaşdy. Çäre häzirki diplomatlar bilen weteran ilçileriň arasyndaky pikir we tejribe alyşmak üçin gowy mümkinçilik döretdi.
Geňeş öňki BAE-niň Ilçilerini özara birleşdirýär we ýaş diplomatlaryň iş ukybyny ösdürmek hem-de bilim hünärlerini kämilleşdirmek maksady bilen dürli duşuşyklary geçirýär.
Ilçiniň bu çärä gatnaşmagy Abu-Dabi şäherindäki diplomatik jemgyýetde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berdi.