Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Yragyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi B.Baýramow Abu-Dabi şäherinde Yrak Respublikasynyň BAE-däki Ilçisi doktor Mudhaffar Al-Jbori bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirijak «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýollanan çakylyk haty yrak tarapyna gowşurdy.
Yrak tarapy çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, wekiliýetiň bu çärä gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirjekdigine ynandyrdy.
Ilçiler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli foruma görülýän taýýarlyk işleri hem-de bu çärä Yragyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meselelere hem garaldy.