Türkmenistan wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» sergisine gatnaşdy

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

BAE-niň Energetika we infrastruktura ministriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 24-27-nji noýabry aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» atly halkara sergä we maslahata gatnaşdy.

Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini we Türkmenistanyň gurluşyk hem-de infrastruktura ulgamyndaky möhüm hyzmatdaşy hökmünde ykrar edilýändigini görkezdi. Dünýäniň öňdebaryjy gurluşyk, inženerçilik we şähergurluşyk guramalaryny birleşdirýän bu forumyň meýdançasynda milli ösüş maksatnamalary, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar görkezildi.

Çäräniň ikinji gününde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri A.Geldiýew «Türkmenistanda durnukly şäher ösüşi we infrastruktura boýunça döwrebaplaşdyrma strategiýasy» atly tema boýunça çykyş etdi. Ol häzirki zaman, durnukly we ekologiýa taýdan arassa şäher giňişliklerini döretmek baradaky milli strategik garaýşy, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny, pudagyň sanlaşdyrylmagyny hem-de innowasiýa we energiýa tygşytlaýjy çözgütleriň ornaşdyrylmagy boýunça edilýän tagallar barada belläp geçdi.

Şeýle-de forumyň çäklerinde BAE-niň Federal infrastruktura we taslamalar boýunça döwlet ministriniň orunbasarynyň kömekçisi Ýusup Abdulla Al Ali, DMG events kompaniýasynyň prezidenti Mett Denton, Global Leaders’ Summitiň ýolbaşçysy Brendi Skott hem-de döwlet edaralaryň we halkara gurluşyk hem-de inženerçilik kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Senagat we raýat gurluşygy, ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeler, modul tehnologiýalar, sanly infrastruktura, BIM platformalary we möhüm maýa goýum taslamalar boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda senagat hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Bu ugurda türkmen aýnasyny hem-de döwrebap gurluşyk serişdelerini BAE we Aýlag ýurtlaryň bazarlaryna eksport etmek mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wekiliýet energiýa tygşytlaýan üpjünçilik serişdeleri, ýokary öndürijilikli modul ulgamlary we şähergurluşyk hem-de senagat infrastrukturasyna niýetlenen inženerçilik tehnologiýalar boýunça täze sepgitler bilen serginiň çäklerinde tanyşdy.

Türkmen tarapy gurluşyk we senagat ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, hile sanly görnüşde gözegçilik etmägiň ornaşdyrylmagy, ulag hem-de inženerçilik infrastrukturasynyň ösdürilmegi, jemgyýetçilik desgalaryň gurulmagy we aýna senagatynyň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ýaly milli ileri tutulýan ugurlary barada belledi.

Halkara hyzmatdaşlar ýurdumyzda geçirilýän yzygiderli özgertmeleri, döwlet tarapyndan goldanýan strategik taslamalary we ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmäge gönükdirilen döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna toplumlaýyn çemeleşmäni nygtadylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Big 5 Global 2025 çäresine gatnaşmagy ýurduň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, dünýä kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de durnukly ösüş, infrastruktura döwrebaplaşdyrmak we innowasiýalar babatda milli başlangyçlary öňe sürmäge bolan ygrarlylygyny tassyklaýar.