Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Seýşeller Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Baýram Baýramow Seýşel Respublikasynyň BAE-däki Ilçisi Gervais Moumou bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Seýşel tarapynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara forumyna gatnaşmagy boýunça mesele ara alyp maslahatlaşyldy.
Ilçi Moumou Seýşelleriň foruma gatnaşmak niýetini tassyklady.
Şeýle-de duşuşygyň dowamynda, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.