Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 2-5-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrdy.

Bütindünýä hökümetler sammiti 2026-njy ýylyň 3-den 5-nji fewraly aralygynda Dubaýda geçirildi.

Sammite 30-dan gowrak döwlet we hökümet baştutany, şeýle hem 150 hökümet wekiliýeti we takmynan 6 000 gatnaşyjy, şol sanda dünýäniň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, halkara maliýe we bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Sammitiň gün tertibine ählumumy dolandyryş meseleleri, emeli aň tehnologiýalaryň ösdürilmegi, howanyň üýtgemegi, şeýle hem ykdysady kynçylyklary çözmek boýunça sazlaşykly çemeleşmeler ýaly mowzuklar girizildi.