Dubaý şäherinde energetika ulgamynda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2026-njy ýylda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde, 2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabi Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) dolandyryjy direktory Sultan Ahmed Al Jaber bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gaz pudagynda Türkmenistanyň bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.

Taraplar häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýerine ýetirilişine garap, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, hyzmatdaşlygyň gelejegi uly bolan ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ugurlar boýunça dowamly hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen, iki ýurduň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek barada ylalaşyk gazanyldy.