Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda bu ýurduň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda türkmen-emirlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm goşant goşmaga gönükdirilen häzirki Bütindünýä hökümet sammitiniň ähmiýetini nygtady.

Diplomatlar Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler. Şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň özara goldawa esaslanýan hyzmatdaşlygy aýratyn nygtaldy.

Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.