Türkmenistanly okuwçylar Dubaýda geçirilen iWISE Global Final 2026-da 12 medal gazandy

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Türkmenistanly okuwçylar 2026-njy ýylyň 14-16-njy fewral aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen «iWISE Global Final 2026» halkara robototehnika bäsleşiginde 12 medal gazandylar. Topar 2 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal eýeläp, öz ýokary taýýarlygyny görkezdi.

«Line Follower» ugry boýunça altyn medala Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Selim Begmyradow hem-de Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy Abduljelil Patyşagulyýew mynasyp boldular. Şeýle hem olar bäsleşigiň iň gowy topary diýlip yglan edilip, ýörite baýraga mynasyp boldular.

Kümüş medallary Abdulla Annaýew, Muhammetkasym Annaýew, Saranur Annaýewa, Polat Saparow, Bilalkerem Berdyýew we Aýsenem Akmyradowa gazandylar. Bürünç medallara Ebubekir Berdyýew, Muhammetulemin Annaýew, Rahman Garrygulyýew we Gurbanmuhammet Mahtumgulyýew mynasyp boldular. Muhammetulemin Annaýew şeýle hem eminler tarapyndan ýörite baýraga mynasyp boldy.

Ähli ýeňijiler Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw terbiýeçilik toplumynyň robototehnika gurnagynyň hem-de Kämil Bilim okuw merkeziniň agzalarydyr. Okuwçylary tejribeli mugallymlar Myrat Sähetgulyýew we Halil Kowusow taýýarladylar.