Türkmenistan bilen Seýşel adalary hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy

photo

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň BAE-daky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi Baýram Baýramow bilen Seýşel Respublikasynyň BAE-daky Ilçisi Žerve Mumou arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn üns syýahatçylyk ulgamyna, şol sanda wiza meselelerine hem-de özara syýahatçylygyň giňeldilmegine gönükdirildi. Şeýle hem medeni hyzmatdaşlyk, döredijilik toparlarynyň saparlary we medeni çäreleriň geçirilmegi barada pikir alşyldy.

Taraplar diplomatik gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini, ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy we talyplar üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem söwda-senagat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak teklibi goldanyldy.