Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň «Etihad Rail» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory Tarik Al-Falahi bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda esasan 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Abu-Dabi şäherinde geçirilen «Global Rail 2025» halkara sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň we BAE-niň demir ýol edaralarynyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek baradaky Ähtnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere seredildi.
Taraplar Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ulag arabaglanşygy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenip, taraplar tehniki hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň we geljekki «ýol kartalary» taýýarlamagyň indiki ädimlerini maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda uzak möhletleýin logistika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin hünärmenler derejesindäki geňeşmeleri dowam etdirmek barada ylalaşyldy.