Türkmenistanyň Ilçisiniň «The National» gazetiniň Baş redaktory bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow bu ýurduň iňlis dilindäki «The National» gazetiniň Baş redaktory hanym Mina Al-Oraibi bilen duşuşyk geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn media hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegini, şeýle hem döwletara gatnaşyklary pugtalandurmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän ornuny maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda yzygiderli gatnaşyklary saklamaga we maglumat ulgamynda ikitaraplaýyn özara hereketleri giňeltmäge bolan özara gyzyklanma tassyklanyldy.