img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçisi Abu-Dabi şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Birkeşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Ilçihanada häzirki wagtda Abu-Dabi şäheriniň Halifa Uniwersitetinde gysga möhletli tanyşdyryş okuw maksatnamasyna gatnaşýan Türkmenistanyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryny kabul etdi.

Bu maksatnama BAE-niň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň goldawy bilen Halifa Uniwersiteti tarapyndan guralyp, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini görkezýär.

Ilçihanada bolan duşuşygyň dowamynda Ilçi talyplary okuw maksatnamasyna gatnaşmaklary bilen gutlady we onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin guramaçylara minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem diplomat Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýaşlarynyň mynasyp we döwrebap bilim almagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary we döredip berýän şertleri barada gürrüň berip, talyplara geljekki hünär işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi we Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda barha ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de bilim hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýeti barada gyzykly söhbetdeşlik geçirdi.