AŞGABATDA BMG-NIŇ KONTRTERRORÇYLYK MÜDIRLIGINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 14-nji aprelinden 19-njy apreli aralygynda BMG-niň Kontrterrorçylyk müdirliginiň Direktory Jehangir Han Aşgabatda iş sapary bilen bolýar, ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere gatnaşar.

15-nji aprelde Jehangir Hanyň Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hemişelkik bitaraplyk derejesiniň nazarda tutulmagy bilen häzirki zaman wehimlere we howplara öz wagtynda seslenmek hereketinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň oňyn depgini bellenilip geçildi. Şeýle hem sebitde terrorçylyga garşy göreşmek ulgamynda tejribe alyşmagyň hem-de Türkmenistanyň Merkezi Aziýada BMG-niň Global kontrterrorçylyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmeginiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Şeýle hem şol gün jenap Hanyň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Orunbasary bilen hem duşuşygy geçirildi, onuň barşynda global wehimlere garşy göreşmek boýunça hereketleri kadalaşdyrýan halkara resminamalaryň nazarda tutulmagy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.