img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BAKUDA GEÇIRILEN YSLAM MEDENIÝETINIŇ SURAT SERGISINDE TÜRKMEN MEDENIÝETINIŇ GÖZEL ÝERLERI ŞÖHLELENDIRILDI

photo

2019-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Baku şäherinde ýerleşýän  Azerbaýjanyň Milli medeniýet muzeýinde yslam medeniýetiniň we sungatynyň ösüşine bagyşlanan Yslam medeniýetiniň surat sergisi geçirildi. Bu çäre Baku Ikinji Dini Baştutanlaryň Summitiniň çäklerinde geçirildi.     

Sergä Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew gatnaşdy. Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanda ýerleşýän ýadygärlikleriň çeper suratlary hem-de Soltan Sanjar we Il-Arslan kümmetleri, Seýit Jemaletdin metjidiniň we arheologik ýerleriň suratlary bilen tanyşmaga mümkinçilik tapdylar.