TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYP SPORT ÝARYŞLAR GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 15-16-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda billiard, 400 metr aralyga ylgamak we basketbol boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu şanly sene Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2009-njy ýylda döredildi.

Bu ýyl ýurdumyz şanly senäni, ýagny özüniň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyny belleýär, şonuň üçin-de agzalan ýaryşlar hem “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda guraldy.

15-nji fewralda “Altyn ýyldyz” medeni-dynç alyş merkezinde billiardyň rus görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda 1-nji orna Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili mynasyp boldy. Billiardyň “Pool” görnüşi boýunça 1-nji orny BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň wekili eýeledi.

Şol gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň futbol meýdançasynyň töweregindäki ylgaw ýolunda 400 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryş çagalaryň, zenanlaryň we erkekleriň arasynda guraldy.

16-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda geçirilen basketboluň 3*3 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda 1-nji orny Belarus Respublikasynyň, 2-nji orny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we 3-nji orny Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň sport toparlary eýelediler.

Ýaryşlaryň ýeňijilerine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary hem-de degişli federasiýalaryň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ministrlik oýunlary geçirmekde ýakyndan ýardam berendikleri üçin Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine, ýurdumyzyň billiard, ýeňil atletika we basketbol federasiýalaryna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna, şeýle-de “Altyn ýyldyz” medeni-dynç alyş merkezine çäksiz minnetdarlyk bildirýär.