TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERI BAKUDA DÖWLETARA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEGIŇ WE ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapar bilen gitdi.

Birnäçä wagtdan soňra Prezidentiň howa gämisi iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde gondy. Azerbaýjanyň paýtagtynyň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşy aldylar.

Howa menzilinden Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni Azerbaýjanyň Prezidentiniň «Zagulba» kabulhanasyna tarap ugrady, bu ýerde köşgüň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjanyň Lideri Ilham Aliýew mähirli garşylady.

Hormat garawuly düzüldi, iki döwletiň senalary ýaňlandy. Prezidentler birek-birege öz ýurtlarynyň resmi wekiliýet agzalaryny tanyşdyrdylar. Soňra döwlet ýolbaşçylary kabulhana tarap ugradylar we Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Soňra «ikiçäk» formatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler başlandy.

Ýokary derejedäki türkmen-azerbaýjan gepleşiklerindäki çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherine nobatdaky resmi saparyň esasy maksadynyň – döwletara hyzmatdaşlygynyň has hem pugtalandyrylmagyndan, gatnaşyklaryň iki ýurduň özara ymtylyşlaryna, edil şonuň ýaly-da anyk mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze hil hem-de mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyndan ybarat bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki şertlerde BMG, ÝHHG, YHG, GDA we beýleki halkara hem-de sebitleýin guramalarynyň çäklerinde özarahereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtady.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewi Türkmenisatnyň bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere, şol sanda şu ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy we Azerbaýjanyň Baştutanynyň bu foruma gatnaşmagynyň ähmiýetli hem-de möhüm waka öwrüljekdigini aýratyn belläp geçdi.

Soňra resmi wekiliýetleriň agzalarynyň gatnaşmaklarynda giňişleýin düzümdäki gepleşikleri geçirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Hazar boýunça goňşular hökmünde gatnaşyklaryny has hem işjeňleşdirýändiklerini belläp geçdi. Bu ugurda Türkmen lideri ýakyn geljek üçin birnäçe wajyp wezipeleri kesgitledi. Ilkinji nobatda Konwensiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça sazlaşykly hereketleriň alnyp barylmagy zerur bolup durýandyr. Beýleki wezipeleriň hatarynda – ahyryna çenli tamamlanmadyk ençeme resminamalaryň, hususan-da Hazarda ýaşaýşa ukyplylygyň birnäçe pudaklary we ulgamlary boýunça binýatlyk Ylalaşyklardyr Teswirnamalarynyň üstünde jikme-jik işleriň durmuşa geçirilmegi bardyr.

Bakuda geçirilen türkmen-azerbaýjan gepleşiklerinde soňky döwürde söwda-ykdysady ulgamda gazanylan üstünlikler aýratyn bellenilip geçildi. Şunlukda, 2019-njy ýylda haryt dolanşygynyň göwrümi 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 40 göterimden gowrak artdy. Hökümet we pudak derejesinde özara hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy. Şunuň bilen birlikde, hyzmatdaşlygyň derejesiniň bar bolan mümkinçilikleriň doly möçberde ulanylmaýandygyny görkezýändigi barada aýdyldy.

Bu babatda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işiniň işjeňleşdirilmeginiň zerurulygy nygtaldy. Türkmen lideri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen Baku şäherinde Tükmenistanyň Söwda öýüni hem-de Aşgabat şäherinde Azerbaýjanyň Söwda öýüni açmak baradaky meselä seredilmegini teklip etdi. Mundan başga-da, bilelikdäki Işewürler geňeşiniň döredilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Baku şäherinde geçirilen türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň medeni-ynsanperwer ulgamy bolup durýandygy barada aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow her ýyl özara esasdaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi, ussat döredijilik toparlarynyň we sungat ussatlarynyň, ýaş we ýetginjek döredijilik toparlarynyň saparlarynyň guralmagy baradaky teklibini aýtdy.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalaryň astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ylham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Hökümetara derejesinde Migrasiýa boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, Azerbaýjan Respublikasynda Türkmenistanyň Ilçihanasyny we Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasynyň Ilçihanasyny ýerleşdirmek üçin özara ýer bölünip berilmegi baradaky Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtoulag gatnaşyklary baradaky 2008-nji ýylyň 19-njy maýyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşundylary girizmek barada Teswirnama gol çekildi.

Şeýle hem ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen birnäçe beýleki resminamalara gol çekildi. Mundan başga-da emläk gatnaşyklaryny we telekeçiligi ösdürmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen döwlet emlägini dolandyrmak we hususylaşdyrmak, ýer kadastry pudagy boýunça hyzmatdaşlyk etmek, gozgalmaýan emlägi döwlet tarapyndan hasaba almak boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminamalara gol çekildi.

Gol çekmek dabarasyndan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlendiler.

Baku şäherinde ýokary derejeli türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň netijelerini jemlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara sýyasatynyň meseleleri barada gürrüň edilendigini we hyzmatdaşlygyň anyk ugurlarynyň kesgitlenendigi barada aýtdy.

Türkmenistanyň wekiliýeti şu günki duşuşygyň netijeleri boýunça resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekilen bu gepleşikleriň jemlerine uly baha berýändir. Muny nygtamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça geljekde hem gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.