TÜRKMENISTAN DAŞTY GURŞAWY GORAMAK BILEN BAGLANYŞYKLY HALKARA RESMINAMALARYŇ BIRNÄÇESINE GOŞULMAGY MEÝILLEŞDIRÝÄR

2020-nji ýylyň 26-njy martynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi geçirildi we onda döwlet durmuşynyň derwaýys meselelerine garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG we beýleki abraýly guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda tebigaty goramak hem-de ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Häzirki döwürde Türkmenistan agzalan ugur boýunça köptaraplaýyn halkara resminamalarynyň 20-sine gatnaşýandygy aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa diplomatiýasyny durmuşa geçirmäge hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Daşary işler ministri ýurdumyzyň köptaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine goşulmagy baradaky teklibi beýan etdi.

Şolaryň hatarynda BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) howandarlygynda baglaşylan hem-de işlenip düzülen 1983-nji ýylda güýje giren Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa (Bonn Konwensiýasy) we 1999-njy ýylda kabul edilen Afrika-Ýewraziýa göçüş ugry boýunça göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşyk hem-de 2016-njy ýylda kabul edilen Ozony dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasynyň Kigali düzedişi bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belledi. Bitarap Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasyny özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bri hökmünde öňe sürmek bilen, tebigaty goramak ulgamynda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň ýokarda agzalan köptaraplaýyn resminamalara goşulyşmagy hakyndaky teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda yzygiderli işlemegi tabşyrdy.