TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY

photo

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan bu nurana aýda Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, türkmen halkyna abadançylyk hem-de rysgal-döwlet dileg edýärin.

Hamad bin Isa Al Halifa,
Bahreýniň Patyşasy.

***


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Palestina Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, dostlukly türkmen halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli gutlaglarymy uly şatlyk bilen beýan edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagt, dostlukly türkmen halkyna we tutuş musulman ymmatyna abadançylyk hem-de ösüş dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, iň gowy arzuwlarymyzy we gutlaglarymyzy kabul ediň.

Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.

 

***


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa


Mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli öz adymdan, Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy hem-de tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy ibermek mümkinçiligine şatdyryn.

Şu mukaddes aýda Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize jan saglygyny we bagtyýarlyk, Türkmenistana hem-de doganlyk türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk, ähli musulman ymmatynyň doga-dilegleriniň kabul bolmagyny dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Siziň doganyňyz,

Iki Mukaddesligiň hyzmatkäri,
Salman ben Abdul-Aziz Al Saud
Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy

 

***


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Iordan Haşimit Patyşalygynyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy ýollaýaryn.

Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa, mundan beýläk-de gülläp ösmek baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Abdulla II,
Iordaniýanyň Patyşasy

 

***


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gadyrly doganym!

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Ähli musulmanlaryň çuňňur hormatlaýan hem-de mukaddes bolan Remezan aýynyň başlanmagy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýändigime örän şatdyryn.

Soňky ýyllarda strategik hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmeginiň we ösdürilmeginiň biziň syýasy erk-islegimiziň hem-de biziň halklarymyzyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, hormatlamak hem-de ynanyşmak ruhunda ýola goýlan hyzmatdaşlyga ymtylmagymyzyň netijesi bolup durýandygyna hiç hili şek-şübhe ýokdur.

Razylyk, ýagşylyk, hoşallyk hem-de özara düşünişmek ýaly asylly häsiýetleriň ýüze çykýan, agyz beklenýän günlerinde Beýik Biribardan meniň gadyrly dostum Size, Siziň dogan-garyndaşlaryňyza hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna berk jan saglygyny, durnukly ösüşi we abadançylygy dileg edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14188