TÜRKMENISTAN ESKATO-NYŇ DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA AZIÝA-ÝUWAŞ UMMANY FORUMYNA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Bangkokda Durnukly ösüş boýunça ýedinji Aziýa-Ýuwaş ummany forumy wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi.

BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) howandarlygy astynda guralan bu forum guramanyň agza-döweletleriniň we beýleki gatnaşyjy ýurtlaryň resmi wekilleriniň, bilermenleriň hem-de hünärmenleriniň ähmiýetli sanyny özünde jemledi.

Forumda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri ýolbaşçylyk etdi.

Onlaýn-mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar DÖM-nyň adamlaryň bol-elinliginiň ýokarlandyrylmagy we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, durnukly we adalatly ykdysadyýete geçilmegi, durnukly azyk ulgamlarynyň we sagdyn iýmitlenmek ülňüleriniň döredilmegi, energetikanyň karbonsyzlaşdyrylmagy we energiýa üpjünçilik serişdelerine ählumumy ygtyýarlygyň üpjün edilmegi, şäher we şäherýaka sebitleriniň durnukly ösüşine ýardam berilmegi, şeýle-de ählumumy ekologiki baýlyklaryň goragy ýaly ähmiýetli düzüjilerine üns berildi.

Gatnaşyjylar milli hem-de sebit derejelerinde dessin çäreleri görmegiň esasy ugurlarynyň kesgitlenilmegi bilen, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň amala aşyrylmagynyň tizleşdirilmegi boýunça sebitleýin hereketleriň goldanylmagy babatynda pikir alyşdylar.