BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Belizden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosinini we awtobenzini satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, BAE-den, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümlerini we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 696 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kanadanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 10 million 255 müň manatlykdan gowrak haly önümlerini we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 13 million 915 müň manatlyk polipropileni satyn aldylar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14333