DÖWLET MUZEÝINIŇ SERGISI: YLMYŇ ÖSÜŞINE SYN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzda 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan sergi açyldy.
Birnäçe bölümden ybarat baýramçylyk sergisiniň eksponatlary ýurdumyzyň ylmynyň ösüşiniň dürli ugurlaryny beýan edýär, onuň esasy tapgyrlaryny retrospektiw seljermäge, häzirki döwrüň uly möçberli üstünliklerine baha bermäge mümkinçilik berýär.
Arheologiýa, etnografiýa, filologiýa, geologiýa, biologiýa, paleontologiýa we beýleki ugurlarda at-abraý gazanan türkmen alymlarynyň portretleri bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Ylmy-barlaglaryň dürli ugurlaryna degişli keramiki gaplar we arhitektura bezeginiň bir bölegi, daşa öwrülen zatlar, minerallaryň dürli görnüşleri, haýwanlaryň gäpleri, gerbariý kolleksiýalary, şeýle hem raritet gurallardyr enjamlar ýaly muzeý hazynalarynyň eksponatlary olaryň köpgyraňly işini beýan edýär.
Kitap bölüminde ýörite neşirler, monografiýalar, usulýet we okuw edebiýatlary esasy orun tutýar. Serginiň çeperçilik bölüminde türkmen žiwopisçileriniň belli suratlary, amaly-haşam sungaty eserleri goýlupdyr.
Serginiň açylan güni ylmy-barlag işlerini alyp barýanlaryň we razionalistleriň ýaş nesline – paýtagtymyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna – akademiki hem-de praktiki ähmiýetli ylymlarda tanymal alymlar, möhüm işläp taýýarlamalaryň awtorlary, ylmy-tehniki täzelikleri oýlap tapyjylar, ekologlar, medeniýeti öwrenijiler, arheologlar hem etnograflar bilen söhbetdeş bolmaga mümkinçilik döredildi.