"TÜRKMEN AÝNA ÖNÜMLERI" KÄRHANASYNDA 35 GÖRNÜŞLI AÝNA GAP-GAÇLARY ÖNDÜRILÝÄR

photo

Merkezi Aziýa sebitindäki iň uly aýna öndürýän kärhana “Türkmen aýna önümleri” 35 görnüşli aýna gap-gaç önümlerini, şeýle hem göwrümi 0,5-3 litr bolan lukmançylyk çüýşelerini we gaplary öndürmegi özleşdirildi.
Bu kombinatyň aýna gap gaçlary içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Miweleri we gök önümleri taýýarlaýan we konserwirleýän, şeýle hem içgileri öndürýän kompaniýalaryň sargamaklary bilen tomsuň başyndan bäri 5,5 milliondan gowrak aýna gap öndürildi.
Aýna gap-gaç kombinatynda iş robotlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar. Bu ýerde rekupasiýa görnüşli peçler we dürli kuwwatly önümçilik liniýalary bolan iki aýna emele getirýän maşyn oturdylan. Eredilen aýnany kesýän, gap-gaçlary galyplaýan, hiline gözegçilik edýän we önümleri gaplaýan enjamlar uzakdan dolandyrylýar.
Kärhananyň ähli önümleri ýerli çig maldan ýasalýar. Her gün önümçilikden 60 müňden gowrak banka we 50 müň çüýşe çykýar.
Ýadymyza salsak, 2018-nji ýylyň fewral aýynda, Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Owadandepe senagat zolagynda sebitde deňi-taýy bolmadyk aýna kombinatynyň açylyş dabarasy boldy. Kombinat bir million kwadrat metr reňkli aýna, 100 müň kwadrat metr laminirlenen aýna, 300 müň kwadrat metr taplanan aýna, şeýle hem ýylda 400 müň kwadratmetr aýna gaplary öndürmek üçin niýetlenendir. Kärhanada Germaniýadan, Italiýadan, Awstriýadan we Finlýandiýadan enjamlar oturtdylandyr.  Bu kärhana eksporta gönükdirilen iň uly kärhanalaryň biri bolup durýar.