TÜRKMEN OKUWÇYLARY ONLAÝN-OLIMPIADALARDA ŞOWLY ÇYKYŞ ETDILER

Sanly tehnologiýalaryň çalt depginlerde ösmegi netijesinde ýaşlarda dürli derejedäki uzak aralykdan aň-paýhas ýaryşlaryna gatnaşmaga isleg artýar. Munuň şahsyýetiň sazlaşykly ösmegi üçin möhüm ähmiýeti bar, çünki ylmy-tehniki innowasiýalaryň web-platformalarynyň elýeterligi, gaýry ýurtlardaky deň-duşlary bilen tejribe we bilimlerini alyşmaga mümkinçilik, saýry çözgütleri gözlemek gözleglere höwes döredýär, döredijilik hem-de ylmy pikirlenme ukybyny güýçlendirmäge ýardam edýär.
Şu ýylyň tomsunda dünýäniň esasy bilim merkezleri halkara onlaýn-ýaryşlarynyň birnäçesini guradylar. Şu synymyzda olara gatnaşan türkmen ýaşlarynyň üstünligi barada gürrüň berýäris.
Türkmen mekdep okuwçylary biologiýa, himiýa, fizika we tehnika boýunça Global Youth Science and Technology Bowl (GYSTB) 2020 Halkara ylmy bäsleşikde kümüş medallaryň ikisini eýelediler. Baýraklaryň birine –Aşgabadyň ýöritelelşdirilen 87-nji mekdebiniň uçurymy Osmangeldi Atanow, beýlekisine şu mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Sanjar Saburow mynasyp boldular. Olar aň-paýhas bäsleşigne himiýa we matematika mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda taýýarlandylar. Bäsleşige taslamalaryň 475-si hödürlenip, aýgytlaýjy tapgyra 95-si saýlanyldy.
Sanjar Saburow Litwanyň bilim merkeziniň guran Vilnius International Project Olympiad-2020 (VILIPO) Halkara taslama olimpiadasynda hem bürünç medala mynasyp bolupdy, ol şonda dogany Behruz Saburow bilen bilelikde çykyş edipdi (olaryň ikisem paýtagtymyzyň 87-nji mekdebiniň okuwçysy).
Iýul aýynda hem ildeşlerimiz onlaýn görnüşde geçirilen 54-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda kümüş medallaryň ikisini we bürünç medallaryň hem ikisini eýelediler. Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Berdigylyç Rejepbaýew bilen paýtagtymyzyň iňlis dilini, himiýany we biologiýany çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy mekdebinden Dawut Muhammetgulyýew kümüş basýraga mynasyp boldular.
Bürünç medaly Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatynyň onunjy synp okuwçysy Ýusup Döwletmyradow bilen dokuzynjy synp okuwçysy Gözel Döwranowa eýelediler.
Matematika boýunça I-EMC 2020 wirtual olimpiada 36 ýurduň wekilleri gatnaşdylar. Abraýly gözden geçirilişde paýtagtymyzyň 86-njy mekdebinden Jennet Zamanowa altyn medal, bürünç baýragy bolsa şol mekdebiň okuwçysy Orazmämmet Saparow eýelediler.
Ýaş türkmen intellektuallaryna täze bilimde, batyrgaý ideýalarda, uly sepgitlere ýetmekde üstünlikler we ýeňişler arzuw edýäris!