ÇAGALARYŇ WE ÝETGINJEKLERIŇ SAGLYGYNY GORAMAGYŇ MESELELERI HALKARA WEB-MASLAHATYŇ TEMASY BOLDY

photo

20-nji awgustda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) sebit hem-de ýurt boýunça edaralarynyň goldaw bermeginde çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyna bagyşlanan web-maslahat geçirdi.

Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Beýik Britaniýanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar, onuň dowamynda Merkezi Aziýada COVID-19 pandemiýasy döwründe çagalara talabalaýyk lukmançylyk hyzmatlarynyň üpjün edilmeginiň meseleleri we bu ugurdaky tejribeleriň alyşylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň açylyşynda ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory hanym Afşan Han, BSGG-niň Çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça maksatnamasynyň sebitleýin menejeri Martin Weber hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Ç.Agamyradow dagy çykyş etdiler.

Maslahatyň barşynda çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak ulgamynyň hünärmenleri COVID-19 döwründe çagalara dogry lukmançylyk kömegini bermegiň ählumumy, sebit hem-de ýurt boýunça toplanan tejribeleri babatda pikir alyşdylar. Olar hususan-da, täze koronawirus ýokançly çagalaryň, şol sanda hroniki keselleri bolan çagalaryň epidemiologiýasyna we kliniki taýdan ugrukdyrylyşyna, esasy hyzmatlary bermegiň üznüksizligine, çagalar we ýetginjekler üçin izolýasiýanyň netijelerine, pandemiýadan soňra kadaly lukmançylyga geçilişine we mekdeplerde hem-de lukmançylyk edaralarynda iýmitlenmek bilen bagly meseleleriň çözülmegine aýratyn üns berdiler.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14714