RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dokma pudagynyň öňünde duran wezipeleri netijeli amala aşyrmak, pudagyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Mary deri-aýakgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine — esaslyk maýadaky paýy 40 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.
http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14917