TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISINDEN

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Mejlisiň gün tertibine ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler hem girizildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de olaryň işine baha berildi.

Hökümetiň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň hem-de žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine garady.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, D.Durdylyýewi Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşadýandygyny aýtdy.

Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şol edaranyň başlygynyň orunbasary bolup işleýän R.Çarygulyýewiň üstüne ýüklenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýewe söz berdi. Ol medeniýet we bilim ulgamlarynyň edaralarynyň işine geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Degişli gulluklaryň geçiren barlag işleriniň netijesinde, Medeniýet ministrliginiň Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň müdiri bolup işlän G.Seýitnepesow bu wezipede uzak ýyllaryň dowamynda işläp, özüniň gulluk ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, döwletiň kanuny bähbitlerini düýpli bozupdyr.

Geçirilen derňewleriň netijesinde, G.Seýitnepesow jenaýat jogapkärçiligine çekildi we oňa kazyýetiň hökümi bilen jeza çäresi bellenildi.

Mundan başga-da, Bilim ministrliginde geçirilen barlaglaryň netijesi boýunça ministriň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasary wezipesinde işlän M.Gowşudowyň özüne ynanylan wezipäni gara nebsi üçin ulanyp, bikanun baýamak maksady bilen, wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, uly möçberde para alandygy ýüze çykaryldy.

Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň müdiri wezipesinde işlän K.Mämmedow ministriň orunbasary wezipesinde işlän M.Gowşudowa işinde goldaw berýändigi üçin para beripdir.

Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren O.Allaberdiýew, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň Türkmenbaşy şäher bilim bölüminiň müdiri wezipesinde işlän N.Gurbanow, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň Döwletli etrabynyň bilim bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren N.Klyçew, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň Dänew etrabynyň bilim bölüminiň müdiri wezipesinde işlän A.Möwlamberdiýew, Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň Baýramaly etrap bilim bölüminiň müdiri wezipesinde işlän K.Begnepesow eýeleýän jogapkärli wezipelerinden hyýanatly peýdalanyp, betnebislik bilen para alyp gelipdirler.

Geçirilen derňewleriň dowamynda aýyplanýanlardan jenaýatçylykly ýol bilen bikanun edinen pullary maddy subutnama hökmünde alyndy hem-de olara degişli dört sany awtoulaglar gozgalmasyz edildi. Bularyň hemmesi jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen azatlykdan mahrum etmek arkaly jeza çäreleri bellenildi.

S.Ataýewa 2015-nji ýylyň aprel aýyndan 2020-nji ýylyň aprel aýyna çenli döwürde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinde işlemek bilen, wezipe ygtyýarlygynyň çäklerinden göz-görtele çykýan hereketleri edipdir. Ol özüne ynanylan döwlet emlägini eýeläp, ogurlap, öz bähbidine harçlamagy maksat edinipdir. S.Ataýewa wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, özüne degişli adamlara goşmaça hak töledip, döwlet serişdeleriniň artyk harçlanmagyna getiripdir.

Derňewiň dowamynda aýyplanýan S.Ataýewa degişli dört sany ýaşaýyş jaýy, iki sany edara binasy, iki sany kafe, 11 sany söwda dükany, 13 sany ammar, 1 sany ýyladyşhana we 3 sany ýeňil awtoulag döwletiň haýryna geçirildi.

Şeýlelikde, derňew işleriniň netijeleri boýunça S.Ataýewa jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen, oňa azatlykdan mahrum etmek bilen bagly berk jeza çäresi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň özüne ynanylan ulgama talabalaýyk ýolbaşçylyk etmegi oňarmandygyny belledi. Netijede, bu ulgamda köp sanly parahorluk ýagdaýlaryna ýol berlipdir diýip, milli Liderimiz belledi we wise-premýeri eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisine ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşýandygyny belledi. Şoňa görä-de, eýeleýän wezipesine garamazdan, döwlet gullukçylarynyň kanuna garşy şeýle etmişleriniň örän berk öňüniň alynjakdygyny aýtdy.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz parahorlukda we korrupsiýada günäkär adamlaryň kanuna laýyklykda jogapkärçilik çekjekdigini hemmelere ýene-de bir gezek duýdurdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, saglygy goraýyş we ylym hem-de sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň wezipesine M.Geldinyýazowy belläp, ony Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze bellenen wise-premýer M.Geldinyýazowa ýüzlenip, ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Häzirki döwürde Garaşsyz döwletimizi senagat taýdan ösdürmäge, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmaga, elektron senagaty we gymmatly kagyzlaryň bazarlaryny döretmäge girişildi. Bazar ykdysadyýeti we telekeçilik, hukuk ulgamy hem-de ylym ösdürilýär.

Bu işleri talabalaýyk amala aşyrmak bolsa eýýäm häzirden şu ugurlardan gowy başy çykýan köp sanly hünärmenleri talap edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, durmuşdan yza galmazlyk üçin, halkara derejeli hukukçylardan başga-da, şu günki günde örän zerur bolan ugurlar, ýagny maliýe, oba hojalygy, senagat we elektron senagaty boýunça täze okuw maksatnamalaryny taýýarlamaga uly üns berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu maksatnamalar häzirki döwrüň nazary we amaly okuwlarynyň hem-de önümçilik tejribeleriniň usulyýetiniň onlaýn ulgamynda okatmagy ornaşdyrmak arkaly taýýarlanylmagyny öz içine almalydyr.

Şu maksat bilen, öňdebaryjy milli we halkara tejribeleri yzygiderli öwrenilmelidir hem-de özleşdirilmelidir. Bilim edaralarynyň, iş berijileriň we zähmet bazarynyň özara hyzmatdaşlygyny gurap, bu işlere ylmy institutlarymyzy hem giňden çekmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz tabşyrdy.

Häzirki wagtda koronawirus bilen bagly emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmek dowam etdirilmelidir. Lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlary tejribä giňden ornaşdyrylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň iň häzirki zaman usullaryny öwrenmegi hem-de ulanmagy möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi. Şu maksat bilen, bu ugurda netijeli tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly gatnaşyklary berkitmek zerurdyr.

Milli Liderimiz sport ulgamynyň möhümdigini nygtap, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmegiň, umumymilli derejede dürli sport-sagaldyş çärelerini we halkara ýaryşlary geçirmegiň döwletimiziň içeri syýasatynyň strategik ugrudygyny belledi.

Wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümleriniň öňünde durýan wezipeler toplumyny kesgitläp, hormatly Prezidentimiz bu ugur boýunça ýerine ýetirilen işler hakynda ýakyn wagtda hasabat bermegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz A.Ataýewi bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň prorektory wezipesinden boşatdy.

Bilim ministriniň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasary wezipesine bolsa, A.Amanow bellenildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz M.Geldiýewany Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Şolar halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösýändigini görkezýär.

Hasabat döwründe jemi içerki önüm 5,8 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy.

Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,4 göterim artdy.

Şu ýylyň 9 aýynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 22,2 milliard manada deň boldy.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 259 desganyň 16-synda gurluşyk işleri tamamlandy, 163-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.

Wise-premýer milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde türkmenistanlylaryň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda görülýän çäreler barada-da hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp we diňleýji haklaryny hem-de döwlet kömek pullaryny 10 göterim ýokarlandyrmak üçin ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işiniň deslapky hasaplamalary barada hasabat berildi.

Şu maksatlar üçin serişdeler önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli ulanmagyň, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň, işleriň we hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmagyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň hem-de eksport ugurly önümleriň sanawyny giňeltmegiň we beýleki içerki mümkinçilikleriň hasabyna üpjün ediler.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde milli Liderimize «Telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek hakynda» Kararyň, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyny döretmek hakynda» Kararyň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Kararlara gol çekdi we wise-premýere resminamalarda göz öňünde tutulan işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow 2020-nji ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 109,4 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 91,2 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

2020-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerli býujetler boýunça girdejiler 109,2 göterim, çykdajylar bolsa 97,5 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe balans toparlarynyň 83 mejlisi, şol sanda sebitleriň balans toparlarynyň 68 mejlisi geçirildi.

9 aýyň dowamynda döwlet emläginiň 53-si hususylaşdyryldy we Döwlet býujetine 126,1 million manat möçberindäki serişdeler geçirildi. Şeýle hem döwlet emläginden alnan kärende tölegi 122 million manada deň boldy.

Üç çärýegiň jemleri boýunça milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi jemi içerki önümiň 21,3 göterimine barabar boldy.

Hasabat döwründe 2020-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy 63,5 göterim ýerine ýetirildi. 9 aýyň netijeleri boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 54,2 göterimi önümçilik hem-de 45,8 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.

Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” kesgitlenen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa 2020-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gazanan ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň köp görnüşleriniň önümçiliginiň mukdarynyň möçberiniň ýokarlanandygy hasaba alyndy.

Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde oňyn netijeler gazanyldy. Önüm öndürilişiniň düzüminde hususy işewürligiň paýy 66,9 göterime barabardyr.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň 2020-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alyp baran işleri, olaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen görlen anyk çäreler barada, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dokuz aýda ýurdumyzyň banklary tarapyndan hojalyk edaralaryna berlen karz serişdeleriniň möçberi 15,3 göterim, döwlete degişli bolmadyk ulgama berlen karzlaryň möçberi 20,5 göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň möçberi 41,9 göterim, hususy telekeçileri goldamak üçin berlen ýeňillikli karzlaryň möçberi 3,9 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berildi. Hasabat döwründe bankomatlar, terminallar, Internet-bank, Mobil-bank, elektron söwda ulgamlary arkaly geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,86 esse ýokarlandy.

Merkezi bankyň ýolbaşçysy ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasabyna harytlaryň eksporty we ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin daşary ýurt pul serişdeleriniň gelip gowuşmagyna degişli meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet Baştutanynyň orunbasary G.Müşşikowa we beýleki wise-premýerlere ýüzlenip, ýerine ýetirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, pandemiýa zerarly ýüze çykan häzirki kynçylyklara garamazdan, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek we Konstitusiýamyza laýyklykda bazar ykdysadyýetini emele getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeleri dowam etmek zerurdyr.

Ykdysadyýetimizi (şol sanda energiýa serişdeleriniň bazaryny) liberallaşdyrmak, bäsdeşligi ösdürmek, işewür ýagdaýlary gowulandyrmak, ykdysadyýetimizde döwlet pudaklarynyň paýyny azaltmak boýunça başlanan işleri hem dowam etmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bu bolsa ýurdumyzda orta möhletli geljekde daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymyny durnukly artdyrmaga ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şu wajyp ugurlar boýunça anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 9 aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer şu döwürde nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak boýunça meýilnamanyň 101,7 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 102,6 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 106,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 106,9 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi. Suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 123,6 göterim ýokary boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýangyç-energetika toplumynyň işinde bar bolan kemçiliklere ünsi çekdi. Çig nebitiň çykarylýan möçberi artmaýar, onuň ýarysy eksporta gidýär. Şonuň bilen birlikde, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwaty uzak wagtdan bäri bary-ýogy 40 göterim möçberde ulanylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak barada aýdyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýangyç-energetika pudagyndaky işleriň ýagdaýyny seljermegi hem-de kemçilikleri düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa käýinç yglan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän pudaklarynyň dokuz aýda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýanwar — sentýabr aýlarynda ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça önümçilik meýilnamasy 117 göterim ýerine ýetirildi.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 103,4 göterim, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 116,3 göterim, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 111,7 göterim ösüş gazanyldy, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça hem degişli işler alnyp baryldy.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary boýunça ýük daşamak hem-de ýolagçy gatnatmak babatda meýilnama, degişlilikde, 109,8 göterim we 100,1 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 115,3 göterim berjaý edildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş 108,7 göterime ýetdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgama geçilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini, şol syýasatyň esasynda ykdysadyýetiň hem-de häzirki zaman jemgyýetiň isleglerini kanagatlandyryp bilýän dolandyryşyň netijeli ulgamyny döretmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda döwlet edaralary, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere amala aşyrylýan işleriň depgininiň pesdigini aýdyp, sanly düzümleriň kemala getirilmegine aýratyn üns bermek bilen, sanly ulgamy ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda elýeterli, ýokary tizlikli interneti ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, görülýän çäreleriň sanly ulgamy döretmäge ýardam berjekdigini, bilimiň we döwlet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagyny, telekeçilik işleriň giňeldilmegini üpjün etjekdigini, şeýle hem welaýatlaryň ösüşini tizleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz B.Öwezowa beýleki wise-premýerler bilen bilelikde örän ýakyn wagtda bu ugurdaky işleriň anyk möçberi hem-de olary ýerine ýetirmegiň möhleti baradaky maglumatlary taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa käýinç yglan etdi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz ýakynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň geçirilendigini belledi. Onda başga işe geçmegi sebäpli, O.Suhanowy bu düzümiň ýolbaşçysy wezipesinden boşatmak we bu wezipä G.Akmämmedowy saýlamak hakynda çözgüt kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň çözgüdini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynyň, şeýle hem telekeçilik ulgamynyň düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 113,8 göterime, önüm öndürilişiniň ösüşi 108,8 göterime deň boldy.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan çykarylan önümleriň, şol sanda nah ýüplügiň we nah matalaryň mukdary degişlilikde 102,6 göterim we 100,9 göterim, tikin we trikotaž önümleriniň öndürilişi 116,9 göterim, gön önümleriniň öndürilişi 106 göterim boldy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 113,4 göterim berjaý edildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan geçen dokuz aýda birža söwdalarynyň 205-si geçirilip, 20 müň 226 şertnama baglaşyldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan işleriň ösüşi 120,4 göterime barabar boldy, garalýan döwürde sergileriň 5-si we wideogörnüşdäki maslahatlaryň 22-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — sentýabr aýlarynda senagat önümleriniň öndürilişiniň mukdary 117,5 göterime, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 131,2 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere we söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, soňky döwürde azyk harytlarynyň daşary ýurtlardan getirilýän möçberiniň azalyp başlandygyny nygtady. Emma importy azaltmak boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edilmelidir. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada her aýda hasabat bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz özümizde öndürip biljek önümlerimizi daşardan getirmegi bes etmegiň zerurdygyny, bu çäreleriň, ilki bilen, täze iş ýerlerini döretmäge, telekeçileriň we raýatlaryň iş orunlaryny saklap galmaga gönükdirilmelidigini belledi. Bu meselede biziň Senagatçylar we telekeçiler birleşmämiz esasy orny eýelemelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz aýry-aýry pudaklary maliýeleşdirmäge hem-de olaryň ösüş meselelerini çözmäge ukyply iri paýdarlar jemgyýetlerini döretmek işiniň haýal alnyp barylýandygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa käýinç yglan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 116,1 göterim berjaý edildi, ösüş 124 göterime barabar boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,4 göterim berjaý edildi, ösüş 108,8 göterime deň boldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça şu ýylyň dokuz aýynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 103,7 göterim berjaý edildi, we 107,1 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 129,7 göterime barabar boldy. Meýilnama 118 göterim ýerine ýetirildi.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 131,4 göterim berjaý edildi, ösüş 159,9 göterime barabar boldy.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 115,3 göterim berjaý edildi, 100,2 göterim ösüş gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurluşygyň ýagdaýyny seljermegiň zerurdygyna wise-premýeriň hem-de gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Bellenilişi ýaly, dürli desgalary gurmak boýunça örän köp çäreleriň bellenilendigine garamazdan, olaryň köpüsi ýerine ýetirilmän galýar.

Bizde geljekde täze şäherleri we şäherçeleri gurmagyň ägirt uly meýilnamalary bar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de olaryň amala aşyrylmagy üçin ähli şertleriň — maliýe serişdeleriniň, köp mukdarda çig malyň, iň esasysy bolsa, hünärli işgärleriň bardygyny belledi. Ýöne şol meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin zerur mukdarda gurluşyk serişdelerini öndürmegi üpjün etjek guramaçylyk işleri ýeterlik däl diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de wise-premýere bu işleriň ählisini seljermegi tabşyrdy.

Gurluşygyň binýadyny ösdürmäge aýratyn üns bermek zerurdyr. Şeýle hem gurluşyk senagatyny ösdürmek, bu ugurda täze önümhanalary we kärhanalary gurmak wajypdyr. Gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly üpjün eder ýaly gurluşyk önümçiliginiň kuwwatyny sazlaşykly ösdürmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň we onuň ýolbaşçysy R.Gandymowyň adyna hem nägilelik bildirildi. Bellenilişi ýaly, tabşyryk berlendigine garamazdan, häzire çenli hem gurluşyk düzgünleri we kadalary, desgalar gurlanda ulanylýan nyrhlar halkara standartlara laýyk getirilmändir. Desgalaryň gurluşygyna hem ýaramaz gözegçilik edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagyň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň, şäherçeleriň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygyny çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygyny dowam etmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we senagat pudaklaryna köpräk maýa goýumlaryny çekmegiň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu döwürde dürli medeni çäreleriň, sergileriň, duşuşyklaryň, döredijilik bäsleşikleriniň, wagyz-nesihat çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilendigini aýtdy. Döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleri guramak boýunça degişli işler ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler we amala aşyrylýan özgertmeler giňden beýan edildi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistanyň sebitiň hem-de dünýäniň ýurtlary bilen ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek babatdaky tabşyrygy barada aýdyp, degişli ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň daşary ýurtly kärdeşleri bilen geçiren iş wideoduşuşyklary hem-de çäreleri barada hasabat berdi.

Medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak dowam edýär. Muzeýlerde saklanylýan gymmatlyklaryň bitewi elektron binýady döredildi, Diýarymyzyň iri muzeýleriniň resmi internet saýtlary işe girizildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sergi zallarynyň ikisinde «Wirtual muzeý» taslamasynyň ilkinji wideoroligi taýýarlanyldy hem-de ony işe girizmek boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaplary elektron görnüşe geçirmek dowam edýär.

Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugynda kitap önümlerini çykarmak boýunça meýilnama 105 göterim ýerine ýetirildi.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde dürli žanrlardaky kinofilmleriň birnäçesiniň önümçiligi tamamlandy we bu işler dowam edýär.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumyzda bolup geçýän gündelik täzelikleri bu guramanyň habarlar toparynyň internet torunyň üsti bilen gurama agza ýurtlaryň teleýaýlymlary arkaly ýaýmak boýunça işler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň ünsüni medeniýet ulgamy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýokary hünärli hünärmenleri, gyzykly we ýokary çeperçilikli tele we radio gepleşikleri taýýarlamak, maglumatlary bermegiň täze görnüşlerini gözlemek boýunça işleri güýçlendirmäge çekdi.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz tomaşaçylar üçin gyzykly ykdysady we durmuş mowzugyndaky gepleşikleri taýýarlamagyň, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri wagyz etmegiň zerurdygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gigiýena we arassaçylyk, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen görülýän çäreleri düşündirmek işinde maglumatlar mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly senesine medeni çäreleri taýýarlamagyň wajypdygyny nygtap, dünýä bileleşigi üçin metbugat makalalaryny taýýarlamak, şonuň ýaly-da Bitaraplyk derejesiniň milli ykdysadyýetimizi ösdürmekdäki hem-de gülläp ösýän jemgyýeti üpjün etmekdäki ornunyň uly taryhy ähmiýetini açyp görkezýän teleradio gepleşiklerini we metbugat makalalaryny taýýarlamak boýunça görkezmeleri berdi.

Soňra oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Häkim şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, sebitiň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa häzir sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, güýzlük bugdaý ekişini agrotehniki möhletde we ýokary hilli geçirmek, gögeriş suwuny tutmak, ýerlerde ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli peýdalanyp, degişli ideg işlerini alyp barmak bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky, aýratyn-da, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmekde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak hem-de pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylandygy barada habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermek üçin Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewe söz berildi. Häkim şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeleri, ilatyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler we gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Aýratyn-da, güýzlük bugdaý ekişini, pagta ýygymyny bellenilen möhletde we guramaçylykly geçirmek, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, öňde boljak şanly seneleri dabaralandyrmaga hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleri bellenen möhletde tamamlamak ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem welaýatyň ähli ýerlerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak ugrunda zerur taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.

Soňra hasabat bermek üçin Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa söz berildi. Häkim şu günler milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda sazlaşykly ösdürilýän paýtagtymyzda ýokary görkezijilere eýe bolmak ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygy, amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygy barada hasabat berdi.

Mähriban Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramyny ýokary derejede garşylamak üçin paýtagtymyzda arassaçylyk hem-de abadançylyk işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, tutuş oba hojalyk toplumy boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşiniň 108,3 göterime barabar bolandygyny belledi.

Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça – 107,8 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 105,2 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 141,2 göterim ýerine ýetirildi.

Şu günler welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişi bellenen agrotehniki möhletlere laýyklykda geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalarynyň we beýleki enjamlaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin degişli çäreler görülýär. Gallaçy kärendeçiler ýokary hilli bugdaý tohumy bilen ýeterlik möçberde üpjün edildi. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.

Wise-premýer pagta ýygymynyň depgininiň güýçlendirilýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýygym möwsüminde maddy-enjamlaýyn serişdeleri, şol sanda pagta ýygýan kombaýnlary netijeli ulanmak hem-de hasyl kabul edýän harmanhanalaryň we pagta arassalaýjy kärhanalaryň talabalaýyk işlemegi üçin netijeli çäreleriň görülýändigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de wise-premýer E.Orazgeldiýewe we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda şu ýyl gowy hasylyň ýetişdirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Bu ekiniň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhümdigini göz öňünde tutup, pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmek wajypdyr.

Ulanylmaýan ýerleri oba hojalyk dolanyşygyna goşmaga, suw meselesine, hasyllylygy ýokarlandyrmaga we täze ýerleri özleşdirmäge aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, bu işde beýleki ýurtlaryň tejribesini peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

Ýurdumyzda öňde duran esasy wezipeleriň biri bolan maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak yza galýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň haýal hususylaşdyrylýandygy aýdyldy. Bu hojalyklaryň 35-sinden häzire çenli diňe 2-si hususy eýeçilige berlipdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga alan hususy taraplaryň işine, şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şeýle hem wise-premýere gowaça tohumynyň hilini gowulandyrmak üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almagyň wajypdygyny aýdyp, munuň üçin zeýkeşleri çekip, bar bolanlaryny arassalap durmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan wezipelerini hem-de tabşyryklaryny berjaý etmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasynda boldy, onlaýn görnüşde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy arkaly çykyş etdi.

17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygynyň bolandygy bellenildi. Goňşy döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda Aşgabatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi.

Hasabat döwründe göni wideoaragatnaşyk arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 638-si geçirildi. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň dowamynda halkara resminamalaryň 92-sine gol çekildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Ýanwar — sentýabr aýlarynda ikitaraplaýyn Hökümetara toparlaryň we beýleki degişli düzümleriň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi. Şeýle hem daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürler forumlary geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we dünýäde emele gelen ýagdaýlardan hemişe habarly bolmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň gatnaşmagynda dürli halkara çäreleri geçirmek baradaky teklipleri hödürlemegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny baýram etmek meselesine degip geçip, şanly sene mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigini nazara almak bilen, çäreleriň degişli meýilnamasyny düzmegi hem-de olara talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň şu ýylyň dokuz aýynda kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar berdi.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynyň kanunçylygyny üpjün etmek, Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, deputatlar täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we ozal bar bolanlaryny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli iş alyp barýarlar.

Geçen döwürde milli parlamentiň üç maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 43-si, Mejlisiň kararlarynyň bolsa 32-si kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy başlangyjy boýunça konstitusion özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda ähmiýetli waka öwrüldi we giň halkara seslenmä eýe boldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň esasy ugurlary aýan edildi. Olary durmuşa geçirmek maksady bilen birnäçe täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak, şol sanda «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Kanunyň taslamasyny taýýarlamak, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, Saýlaw kodeksini kämilleşdirmek işleri dowam edýär.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň we kanun çykaryjylyk boýunça dünýä tejribesini öwrenmegiň, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde Mejlisde şu ýylyň başyndan bäri dokuz duşuşyk guraldy, olaryň bäşisi wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmäge, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmäge gönükdirilen maslahatlaryň we işewür duşuşyklarynyň 68-sine gatnaşdylar. Olaryň 28-si onlaýn tertibinde geçirildi. Häzirki döwürde Mejlisde parlamentara dostluk toparlarynyň 43-si hereket edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyna we wise-premýerlere ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul eden çözgütlerini ýerine ýetirmek üçin tutanýerli işlemelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu çözgütleriň ýurdumyzyň syýasy ulgamyny gowulandyrmak, jemgyýetimizde demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmek üçin nobatdaky ädimleri ätmäge mümkinçilik berjekdigini aýratyn nygtady.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün geçen 9 aýda alnyp barlan işleriň jemleriniň jemlenendigini belledi. Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasaty, ozalkysy ýaly, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýermek arkaly amala aşyryldy.

Biziň içeri syýasatymyz bolsa ata Watanymyzy ösdürmegiň tassyklanan maksatnamalaryna laýyklykda dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Prezident Maksatnamasy esasynda häzirki döwürde ozalkysy ýaly, ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmäge, täze kärhanalary gurmaga we işläp gelýänleriniň durkuny täzelemäge ägirt uly möçberde maýa goýumlarynyň goýulýandygyny nygtady. Iri halkara hem-de içerki taslamalary amala aşyrmak işi dowam edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdyň mysal hökmünde käbir görkezijileri beýan etdi. Şu geçen döwrüň içinde ýurdumyzda 21 sany iri desga işe girizildi. Umumy meýdany 1 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda has oňaýly öýler, myhmanhanalar we dynç alyş toplumlary, ençeme lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdeplerdir çagalar baglary hem-de beýleki desgalar ulanylmaga berildi.

Häzirki döwürde umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 2,5 müň sany iri desganyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda özleşdirilen we abadanlaşdyrylan nebitgaz ýataklaryny, esasy gaz geçirijileri, sport desgalaryny, howa menzillerini, ýollarydyr uly köprüleri, durmuş maksatly desgalary görkezmek bolar. TOPH gaz geçirijisini gurmak, şeýle hem beýleki halkara taslamalary amala aşyrmak hem işjeň alnyp barylýar.

Milli Liderimiz oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň hem netije berip başlaýandygyny belledi. Şu ýyl gallanyň gowy hasyly ýygnaldy. Nesip bolsa, Hasyl toýuna çenli pagta taýýarlamak baradaky tabşyryk hem ýerine ýetiriler. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge telekeçilerimiz hem saldamly goşant goşýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de olaryň dürli pudaklarda işlemek bilen, hili daşary ýurt kompaniýalarynyňkydan birjik-de pes bolmadyk has çylşyrymly we uly taslamalary amala aşyrýandyklaryny nygtady.

Bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem özgertmeler üstünlikli dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösmegini dowam edýändigini aýdyň görkezýändigini belledi. Jemi içerki önümiň 5,8 göterim möçberde ýokary ösüşiniň saklanyp galmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz öňde duran möhüm wezipeler barada durup geçip, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň teklibini kabul edip, 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmegi bilen baglylykda, geljek ýylda bu başlangyjy durmuşa geçirmäge gönükdirilen ençeme halkara hem-de içerki çäreleriň geçirilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, täze ýyla çenli galan wagtyň içinde geljek ýylyň iň gowy nyşany üçin bäsleşigi yglan etmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa hem-de beýleki wise-premýerlere we ýolbaşçylara ýüzlenip, 2021-nji ýylda geçiriljek çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Bu maksatnama Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde serediler.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň ahyryna çenli göz öňünde tutulan hemme işleriň üstünlikli tamamlanmagynyň wajypdygyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ählisiniň ünsüni çekdi.

Wise-premýer G.Müşşikowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlary bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek, şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça maslahaty geçirmek tabşyryldy. Şonuň ýaly-da, 2021-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny düýpli seredip taýýarlamak we ony tassyklamak barada görkezme berildi. Her ministrligiň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň öz önümçilik tabşyrygyny we wezipelerini anyk bilmelidigine aýratyn üns berildi.

Şonuň bilen birlikde, Hökümet Baştutanynyň orunbasary G.Müşşikowa we beýleki wise-premýerlere garamagyndaky düzümleri mundan beýläk-de ösdürmek hem-de olaryň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ýolbaşçylar bilen netijeli işleri alyp barmak tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz ozal kabul edilen ähli pudaklaýyn maksatnamalara hem gaýtadan seretmek barada görkezme berip, gynansak-da, aýry-aýry pudaklarda doly derejede ýolbaşça bagly bolan ençeme çözülmedik meseleleriň dowam edýändigini belledi.

Wise-premýerler dünýä ykdysadyýetindäki ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine edýän täsirini azaltmak boýunça gysga we uzak möhletli çäreleri dowam etmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, pudaklaýyn resminamalaryň kämil däldigine, halkara standartlara, aýratyn-da, gurluşyk pudagynda laýyk gelmeýändigine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Milli Liderimiz beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmegiň we eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagy has-da çaltlandyrmagyň wajypdygyny nygtap, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.

Ýylyň ahyryna çenli az wagt galdy. Şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen tamamlamak, uly baýramymyzy — hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly ýubileýini ýokary derejede geçirmek üçin ählimiz yhlas bilen işlemelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy giňden bellenilip geçiler diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Saglygy goraýyş işgärleriniň bitirýän işleri, aýratyn-da, häzirki döwürde örän uly hormata mynasypdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz has tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekip, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ähli işgärlerini bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, uzak ömür, ynsan saglygyny goramak ýaly jogapkärli we asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa sylaglara mynasyp bolan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak tabşyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümini tassyklady.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 12-nji tomuny tamamlandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzyň içeri syýasatynyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä laýyklykda alnyp barylýandygyny belledi hem-de Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14965