RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri durmuşa geçirmek, oba hojalyk pudagyny ösdürmekde telekeçiligiň ornuny has-da artdyrmak we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna:

Türkmenistanyň Hökümetiniň –karz alyjynyň adyndan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň «John Deere Walldorf GmbH & Co.KG» kompaniýasyndan satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahasynyň 85 göterimini maliýeleşdirmek üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Deere Ñredit Inñ» kompaniýasy — karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny 7 ýyl möhlete baglaşmaga, şol karz ylalaşygy bilen bagly zerur resminamalary resmileşdirmäge hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga;

oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alýan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň hyzmat ediji banklary bilen 7 ýyla çenli möhlete degişli içerki ylalaşyklaryny baglaşmaga ygtyýar berildi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14963