«TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» KITABYNYŇ ХII JILDINIŇ TANYŞDYRYLYŞ ÇÄRESI

Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň ХII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Milli Liderimiziň galamyndan çykan we Diýarymyzyň baý ösümlik dünýäsi, halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgeleri bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen täze ylmy işi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp sowgat boldy.

Dabara Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ugurdaş düzümleriň hem-de beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylda başyny başlan düýpli ylmy işiniň dowamy bolan kitabyň täze jildiniň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň hakyky ensiklopediýasyna öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaby soňky ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzyň lukmanlary we derman senagatynyň işgärleri üçin däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň diline terjime edilmegi arkaly öwrenmek mümkinçiligi bolan köp sanly daşary ýurtlaryň hünärmenleri üçin fitoterapiýa boýunça ähmiýetli gollanma öwrüldi.

Täze neşiriň sahypalarynda ýerli dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik aýratynlyklary, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmak bilen baglanyşykly meseleler jikme-jik beýan edilýär.

Gündogar lukmançylygyny esaslandyran görnükli alymlaryň, şeýle hem halk tebipleriniň lukmançylyk babatda oňyn tejribeleriniň nesilden-nesle geçirilişiniň, tebigy ösümlikleri giňden ulanmagyň serişdeleriniň ajaýyp ylmy işiň özenini düzýändigi bellärliklidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dermanlyk ösümlikleri öwrenmek işine ömrüniň köp ýyllaryny bagyş etdi.

Häzirki döwürde käbir dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik ähmiýeti resmi ylmy lukmançylykda ykrar edildi. Bu şeýle-de bolmaly, çünki her bir janly ýaşaýyş ösümlik dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr.

Dabara gatnaşyjylar mazmuny we ähmiýeti boýunça gymmatly hasaplanylýan bu kitabyň ösümlikleriň hem-de türkmen topragynda bitýän dermanlyk serişdeleriň ajaýyplygyny açyp görkezmekde ähmiýetlidigini nygtadylar. Tebigy ösümlikler köp ýüzýyllyklaryň dowamynda dürli keselleri bejermekde möhüm serişde bolup hyzmat edipdir.

Döwlet Baştutanymyz etraplaşdyrylan we ýabany ösümlikler bilen okyjylary ylmy nukdaýnazardan tanyşdyrýar. Kitabyň sahypalarynda şolaryň suratlary, maglumatlar, biologiki aýratynlyklary, ýaýran ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk serişdeleri, himiki düzümi, ulanylyşy, taýýarlamagyň we peýdalanmagyň usullary takyk tertipnama esasynda görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli ylmy işiniň nobatdaky jildi hem ozalky jiltleri ýaly köpçülikleýin nusgadadyr. Diýarymyzyň ajaýyp ýerleriniň owadan suratlary, ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi we dermanlyk serişdeleri ýygnamagyň senenamasy kitabyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi we ýeten derejesi hakynda beýan edilýän maglumatlar okyjynyň ünsüni milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmelere çekýär.

Jemgyýetçilik wekilleri hem-de ugurdaş ulgamyň hünärmenleri täze neşiriň çuňňur öwrenilmeginiň we wagyz edilmeginiň wajypdygyny nygtap, ösümlikler we olaryň bejeriş aýratynlyklary hakynda ylmy maglumatlary özünde jemleýän bu kitabyň giň okyjylar köpçüligine gürrüňsiz gyzykly boljakdygyny we ähli adamlar üçin ýakyn maslahatça öwrüljekdigini bellediler.

* * *


Şol gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ylmy maslahat geçirildi, onuň barşynda aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, döwlet sylaglary gowşuryldy, şeýle hem daşary ýurtly hünärmenleriň birnäçesine bu ýokary okuw mekdebiniň hormatly professory diýen ady dakmak dabarasy geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler, onda hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlap, olara berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ynsan saglygyny goramak ugrunda alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň ýokary derejelerine çykýar. Lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny ýola goýmak hem-de raýatlaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça düýpli işler amala aşyrylýar.

Maslahatyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna hem-de ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň we derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler hem-de ýetilen sepgitler barada pikir alyşmalar boldy.

Şu günki şanly waka — Aşgabatda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş hem-de Estetiki merkezleriniň açylyş dabarasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu merkezler iň döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň üstüni ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygynyň ýurdumyzyň baş baýlygydygyny hemişe nygtap, bu sözlere aýratyn many-mazmun berýär. Çünki halkymyzyň saglygy strategik ähmiýetli durmuş abadançylygynyň esasy şertidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Bu gün giň gerime eýe bolan lukmançylyk ulgamy adamlaryň saglygynyň goragynda durýar, ol ençeme möhüm şertleri: iň häzirki zaman lukmançylyk hem-de ylmy-kliniki merkezleriň, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň gurluşygyny, ekologiýa meseleleriniň oňyn çözgüdini, köpçülikleýin sport hereketiniň we işjeň dynç alyş düzümleriniň ösdürilmegini, her bir raýatyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini öz içine alýar» diýip belleýär.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde toplan oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň hem-de esasy halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň — Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy ýyllary içinde işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýän beýleki guramalaryň giň ykrarnamasyna eýe boldy.

Iri halkara guramalar hem-de daşary ýurtly hünärmenler bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk türkmen lukmanlaryna keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we dürli keselleri bejermegiň has netijeli usulyýetlerini ulanmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa raýatlaryň saglygyny berkitmäge we ömrüni uzaltmaga, howply ýokanç keselleriň birnäçesini doly aradan aýyrmaga şert döretdi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine hem-de kämilleşdirilmegine, Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülmegine uly goşant goşan iň gowy saglygy goraýyş işgärlerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda halkymyzyň saglygyny goramaga, bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14975