“TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY - 2020” ATLY XXV HALKARA MASLAHATY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty (OGT-2020) 2020-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilýär.
Bu halkara maslahaty “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň we Beýik Britaniýanyň GaffneyCline kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk etmekliginde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan gurnalýar.
OGT (“Türkmenistanyň nebiti we gazy”) halkara maslahaty daşary ýurtly kompaniýalaryň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen ýylba-ýyl geçirilýän uly ähmiýetli çäredir.
Halkara maslahatynyň dowamynda bilermenler dünýäniň ýangyç-energetika pudagyndaky ösüşler we özgermeler babatynda, şeýle hem Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçirijisi, Hazar deňziniň Türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek hem-de gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi barada çykyş ederler.
Şonuň ýaly-da häzirki döwürde Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda alnyp barylýan wajyp taslamalar hakynda maslahata gatnaşyjylara maglumat bermek hem-de tejribe alyşmak üçin giňişleýin sessiýalar geçiriler.
Bu halkara maslahatyna Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.
OGT-2020 tazeçe usulda gurnalyp, halkara maslahatyna adaty tertipde gatnaşmak bilen bir hatarda “Zoom Professional” platformasy arkaly dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan onlaýn görnüşde gatnaşyp bolar. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar hem (adaty we onlaýn) gatnaşyjylar üçin şeýle görnüşde gurnalar.
OGT-2020 halkara maslahaty barada giňişleýin maglumaty www.ogt-turkmenistan.com Internet saýtyndan, şeýle hem info@turkmen-forum.com e-poçta ýa-da +993 12 920399 telefon belgisi boýunça habarlaşmak arkaly alyp bilersiňiz.
http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15033