«TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY - 2020» HALKARA ÝUBILEÝ FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020» atly ýubileý XXV Halkara maslahaty öz işine başlady. Bu abraýly halkara forum «Тürkmengaz» we «Тürkmennebit» Döwlet konsernleri tarapyndan «Тürkmenforum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Ýokary derejeli maslahata Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ugurdaş pudak edaralarynyň, ýurtda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýerli, şonuň ýaly-da daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Foruma göni wideoaragatnaşygy arkaly dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň  ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, her ýylda geçirilýän bu ýöriteleşikli çäre Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine we täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň maslahatyň gatnaşyjylaryna ýollan gutlagynda bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir. Köpugurly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegini, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini bu ugurda geçirilýän möhüm işler hökmünde görkezmek bolar.    

Ýöriteleşikli maslahatda türkmen spikerleri bilen birlikde Urban Rusnak – Ýewropa Ykdysady Hartiýasynyň Sekretariatynyň Baş sekretary, Ajmal Ahmadi - Owganystanyň Merkezi Bankynyň Başlygynyň w.w.ý.ý., Huan Ýunçžan - «CNPC» kompaniýasynyň wise-prezidenti (HHR), Ronald Neş – Britan-Türkmen işewürlik geňeşiniň Başlygy, Marýam Almaszade - SOCAR Trading S.A. kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory, Ali Al Jarwan «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory ýaly daşary ýurtly wekiller hem bardyr. 

Panel mejlisleriň çäklerinde NAPECO, Gazy Eksport ediji ýurtlaryň forumynyň, Vitol Group, Methinks Ltd., PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd, «LUKOÝL», «Schlumberger Logelco, Inc.», Nebit inženerleriniň jemgyýeti (SPE), Technip FMC, «Gazpromneft – Katalitiçeskiýe sistemy», Energetiki barlaglaryň Oksford instituty ýaly iri düzümleriň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň bilen birlikde nebitgaz ulgamynyň beýleki halkara bilermenleriniň çykyşlary diňlediler.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, energetika bazarlaryndaky global ugurlar we özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz bloklaryna maýa goýumlaryň çekilmegi, nebitiň we gazyň nyrhlary, ekologiýa howpsuzlygy nukdaýnazardan Türkmenistanyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän toplumlarynyň netijeliligi ýaly derwaýys temalar ara alnyp maslahatlaşylar. Çykyşlaryň hem-de panel mejlisleriniň barşynda pudagyň öňdebaryjy bilermenleriniň tanyşdyryş görkezişleri şöhlelendiriler, şonuň bilen birlikde hem dünýä energetikasy boýunça derwaýys häsiýete eýe bolan meseleler babatynda pikirler alyşylar.  

Dünýä derejesindäki pandemiýa ýagdaýlary bilen baglylykda, şu ýyl OGT-2020 onlaýn-formatda hem görkezilendir, ol bolsa öz gezeginde daşary ýurtly gatnaşyjylara hem-de gönüden-göni hyzmatdaşlarymyza maslahatyň ähli panel ara alyp maslahatlaşmalaryna gatnaşmaga mümkinçilik berer.

Ertir «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020» atly XXV Halkara maslahaty öz işini dowam eder. 

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/2283