TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI «HINDISTAN – MERKEZI AZIÝA» DIALOGYNYŇ IKINJI MEJLISINE GATNAŞDY

Şu gün, 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň ikinji mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.  

Hindistanyň Daşary işler ministri S.Jaýşankaryň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlise şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Niýazаliýew dagylar hem gatnaşdylar. Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar duşuşyga ýörite myhman hökmünde gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda taraplaryň syýasy-diplomatik ugry, şonuň ýaly-da söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklary bellenilip geçildi.

Ministrler geçen ýyl Özbegistanda geçirilen «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň çäklerinde geçirilen birinji mejlisiň ähmiýetini nygtadylar we onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berendigini belläp geçdiler. Nobatdaky duşuşygyň barşynda taraplar özara hereketleriň has derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma döredýän sebit hem-de halkara meseleleri dogrusynda pikir alyşdylar. BMG-niň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi.

Mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri sebitleýin howpsuzlygynyň saklanylmagy esasy ugurlarynyň biri bolan «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň wajyplygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine berk ygrarlylygy bellenilip geçildi. R.Meredow howpsuzlyk meseleleri boýunça, hususan-da ýurtlaryň bu ugurdaky bilermenleriniň degişli geňeşmeleriniň we duşuşyklarynyň geçirilmegi arkaly özarahereketleri pugtalandyrmagy teklip etdi.   

Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylykly ýagdaýyň ilerledilmegi, şol sanda goňşy döwletiň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam berilmegi babatynda berk nukdaýnazary beýan edildi. Türkmenistan bu ýurtda durnuklylygyň gazanylmagy babatynda  diňe diplomatik we syýasy gurallaryň ulanylmagy ugrunda çykyş edýändir. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan öz tarapyndan mümkin bolan ähli hereketleri amala aşyrýar. Ýurt owganara gepleşikleriniň geçirilmegi üçin özüniň syýasy giňişligini hem-de zerur bolan guramaçylyk şertlerini üpjün etmäge taýýardyr. Türkmenistan şonuň ýaly-da Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşine itergi berjek, onuň dünýä ykdysadyýetine sazlaşykly goşulyşmagyna ýardam etjek ägirt uly energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň ençemesini durmuşa geçirýändir. Owganystanyň çägine çykmagy bilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan ugry boýunça gaz geçirijisiniň, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we demirýol ugurlarynyň gurluşygynyň, şeýle-de ýerüsti, demirýol we deňiz ulaglarynyň hem-de infrastrukturasynyň ulanylmagy bilen üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu taslamalar ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.    

Şu nukdaýnazardan, ministrler «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogyna Owganystanyň gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Olar Owganystanyň ösdürilmegi we ykdysady taýdan dikeldilmegi babatynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler. MA ýurtlarynyň we Hindistanyň üstaşyr geçiriş we ulag mümkinçilikleriniň ösüşine, şol sanda sebit hem-de halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi boýunça bilelikdäki başlangyçlaryň ilerledilmegine aýratyn seredildi.  

Taraplar global pandemiýa bilen bagly bolan meseleleri aýratyn ara alyp maslahatlaşdylar we Covid-19 ýokanjyny ýeňip geçmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň epidemiologiki gulluklarynyň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň dowam edilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Bu ugurda, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ylmy diplomatiýanyň usullarynyň ulanylmagynyň we bilermenlik başarnyklarynyň alyşylmagynyň ähmiýetini belläp geçdi. Saglygy goraýyş, farmasewtika we ylmy barlaglar ugry boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýyslygy nygtaldy. 

Taraplar energetika, gazhimiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy ýaly ulgamlardaky özara hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň has hem giňeldilmegine, şol sanda MA ýurtlarynyň we Hindistanyň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ilerledilmegine gyzyklanma bildirildi. Bu babatda ministrler 2020-nji ýylyň fewralynda Nýu-Delide «Hindistan – Merkezi Aziýa» Işewürler Geňeşiniň açylmagyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler. 

Ministrler medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýagdaýyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurtlaryň umumy taryhy we medeni gymmatlyklarynyň bardygy bellenilip geçildi. Bilelikdäki bilim we medeni çäreleriniň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri Hindistanyň Daşary işler ministrine «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň ikinji mejlisiniň guramaçylygy babatynda minnetdarlyklaryny beýan etdiler. Taraplar Owganystanyň gatnaşmagy bilen «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň çäklerindäki duşuşyklary her ýyl guramak babatynda ylalaşdylar.

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/2284