Türkmenistanyň Ilçisiniň IRENA-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça Halkara Agentliginiň (IRENA) merkezi binasynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Serdarmämmet Garajaýewiň IRENA-nyň Baş direktory jenap Françesko La Kamera bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Ilçiniň diplomatik BAE-de işiniň tamamlanmagy mynasybetli geçirildi.

Söhbetdeşlikde Ilçi Garajaýew IRENA bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk, goldaw we gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna berlen üns üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» energetikany ösdürmek we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça alyp barýan daşary syýasatynda IRENA bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtady.

Öz gezeginde jenap Françesko La Kamera Ilçihana bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, IRENA bilen Türkmenistanyň arasyndaky gepleşikleriň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi. Ol Merkezi Aziýanyň täzelenýän energetika we möhüm mineral serişdeler boýunça uly mümkinçiliklere eýedigini nygtap, Türkmenistanyň sebitleýin APRECA (Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldiläýn Energiýa boýunça çaltlaşdyrylan hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna) gatnaşmagyna umyt bildirdi.

Taraplar şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ylalaşyk ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Foruma IRENA-nyň gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk dostluk, özara düşünişmek we mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmek ruhunda geçdi.