BELARUS RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy we Ýa.Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn-maslahat gurnaldy.
Çärä Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri, Grodno döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, türkmen we daşary ýurt talyplary, şeýle-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahaty bu ýokary okuw jaýynyň prorektory Ýu.Belyh açdy. Şeýle hem bu çärä Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi gatnaşdy. Ol baýramçylyk mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän iri çäreler hem-de Bitaraplyk derejesini alan gününden bäri türkmen döwletiniň ýeten sepgitleri barada gürrüň berdi.
Çärede şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky öz düzen goşgulary bilen hem-de dutar milli saz guralynda türkmen talyplary hem çykyş etdiler.
https://neutrality.gov.tm/news/102/