DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalyk birleşikleriniň howa babatda durnukly ykdysady işini goldamak» atly bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde taslamanyň iş toparynyň jemleýji mejlisi geçirildi. Onlaýn görnüşde geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň suw we ýer serişdelerini rejeli ulanmak maksady bilen, pudaklaýyn hem-de hukuk guralyny kämilleşdirmek boýunça taslamanyň çäklerinde geçirilen işiň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hukukçylary we degişli hünärmenleri, Mejlisiň deputatlary, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, 2017 — 2020-nji ýyllarda iş topary tarapyndan Suw kodeksinden, «Meliorasiýa hakyndaky» Kanundan gelip çykýan kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesini taýýarlamak boýunça işler geçirildi hem-de birnäçe resminamalaryň hukuk seljermesini geçirmek we maslahatlary bermek babatda ýardam berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri bilen baglylykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň wajyplygyny nygtap, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.
 

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15057