TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: MEDENI DIPLOMATIÝA

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça 2-nji noýabrda geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisinde 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketler meýilnamasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň ýörite sanawyna türkmen däp-dessurlaryny girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän täze teklipleriniň taslamasyna garaldy.

Şol däp-dessurlaryň hatarynda asyrlaryň dowamynda toplanan baý tejribe bolan üç sany täsin milli mekdep bar. Olar ahalteke atşynaslygy, alabaý tohum itleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi hem-de türkmen medeniýetiniň naýbaşy nusgasy hökmünde dutar bilen baglanyşyklydyr. Dutar diýlende, bu saz guralyny taýýarlamak, ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungaty göz öňünde tutulýar.

Bu görnüşleriň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegine taýýarlanylmagy baradaky pikiri hormatly Prezidentimiz öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, medeniýet edaralary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, muzeýler, teatrlar, kitaphanalar, ylmy merkezler türkmen halkynyň baý mirasyny, milli gymmatlyklaryny dünýäde giňden wagyz etmäge, türkmen medeniýetiniň we halk döredijiliginiň özboluşlylygyny beýan etmäge gönükdirilendir.

BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça bu düzümi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda döredilen ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli topar hem hut şu maksada gönükdirilendir. Geljek bäş ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň işlenilip taýýarlanylan meýilnamasynyň taslamasy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze derejä çykarylmagyny göz öňünde tutýar.

Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasydyr. Bu abraýly gurama medeni ýadygärlikleri we tebigy gözelligi gorap saklamak boýunça halkara işlerde ilkinji derejeli orny eýeleýär, ählumumy gymmatlyklara we her bir halkyň mertebesine hormat goýmaga esaslanan açyk gatnaşyklar üçin şertleri döretmegiň üstünde işleýär.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän aýratyn ünsi, halkymyzyň milli mirasyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek işine döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň gatnaşmagynyň netijesinde ýurdumyzyň medeniýetiniň maddy binýadyny ösdürmekde uly netijeler gazanyldy.

Soňky ýyllarda teatrlaryň, muzeýleriň we kitaphanalaryň döwrebap binalary guruldy, internet serişdeleriniň peýdalanylmagy bilen birlikde bilim ulgamy üçin täze ýokary tehnologiýaly düzümler döredilýär, türkmen alymlarynyň, medeniýet işgärleriniň halkara gatnaşyklary giňelýär.

Türkmenistan Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak boýunça ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna goşulmak bilen, dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek üçin gorap saklamak babatda giň gerimli işleri yzygiderli geçirýär.

Ady agzalan konwensiýanyň çäklerinde türkmen hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde ýadygärliklerimiziň hataryndan käbir täsin desgalar saýlanyp alnyp, soňra degişli tapgyrlardan üstünlikli geçip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi, olaryň arasynda ajaýyp ähmiýeti hem-de umumadamzat gymmaty bolan täsin taryhy-arheologiýa ýadygärlikleriniň üçüsi — Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý bar.

Bu ugurdaky işler, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, häzirki wagtda hem dowam edýär: bu gezek Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy, iri türkmen şäherleriniň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleriň toparlaýyn görnüşi öz nobatyna garaşýar.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikde hereket etmegiň täze meýilnamasy barada aýdylanda, onuň taslamasynda aşakdakylar göz öňünde tutulýar:

— geljek ýyl ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azulaýyň Türkmenistana resmi saparyny guramak;

— ÝUNESKO-nyň özboluşly şäherleriniň Ählumumy toruna «Çeperçilik» diýen döredijilik ulgamynda Aşgabady hem-de «Senetler we halk döredijiligi» diýen ulgamda Türkmenabady, geljekde bolsa «Edebiýat» diýen ulgamda Mary şäherini hem girizmäge taýýarlamak;

— Taryhy şäherleriň ösüşinde ÝUNESKO-nyň ölçeglerini öwretmek üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa fakultetinde ýörite okuwlary açmak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, medeniýet, bilim, ylym, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda we beýlekilerde ýene-de ençeme taslamalar göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedrasyny döretmek, geljekde bolsa, şäherlerimiziň orta mekdeplerini ÝUNESKO-nyň assosiirlenen mekdepleriniň halkara ulgamyna birikdirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamasyny 2021-nji ýylyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirildi. Şol döwürde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiň mejlisi geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Eli dutarly we kalby aýdym-sazly halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak sungat eserleriniň gahrymanlary hakyky gözelligiň nusgalary bolup durýar. Diňe hakyky duýgy bolanda, aýdylan söz adamyň ýüregine baryp biler. Türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny biz halkyň paýhasy bilen baglanyşdyrýarys, ol sungatymyzda öz beýanyny tapýar».

Milli Liderimiziň ýene-de bir pähimi bu kitabyň mazmunyny manyly açyp görkezýär: «Häzir, syýasy nukdaýnazardan çylşyrymly döwürde biz dünýä ýüzünde «Sungat dawadan üstün çykýar, dutar bolsa, ýaragdan rüstem gelýär» diýen düşünjäni aňynda berkiden millet hökmünde çykyş edýäris. Hut şonuň üçin men «bitaraplyk» diýenimde, gözlerimiň alnynda Şükür bagşynyň eli dutarly keşbi janlanýar».

Şeýlelikde, türkmeniň dutar bilen bagly däplerini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky başlangyç diňe medeniýeti öwreniş ylmynyň däl-de, eýsem, diplomatik nukdaýnazardan hem öňe ädilen ädim bolup, ol ähli ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetiniň, gepleşikler medeniýetiniň tassyklanmasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça geljek ýylyň BMG tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini nazara alanyňda, şol ädimiň çuňňur many-mazmuny bar.

Ady agzalan hödürnamany taýýarlamagyň barşynda türkmen hünärmenleriniň ylmy-gözleg toparlary ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyranda, dutar ýasaýan ussalardan, aýdymçylardan we bagşylardan gymmatly maglumatlary ýygnadylar.

Dutar çalmakda we aýdym aýtmak sungatynda milli usullar düýpli öwrenildi hem-de bir ulgama girizildi. Bu ugurda halypalyk däplerine aýratyn üns berildi, olar döredijilik mekdebiniň durmuşa ukyplylygyny we dowamatlylygyny kesgitleýär.

Şeýle hem dutar ýasamak işini şöhlelendirýän fotoalbom döredildi. ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasynyň talaplaryna laýyklykda, dutarda aýdym aýtmak ussatlygy we bagşyçylyk sungaty hakynda wideorolik taýýarlanyldy. Şol resminamalaryň hemmesi ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Hökümetara komitetine iberildi hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin nobata goýuldy.

Häzir ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklary barada hödürnamany taýýarlamak boýunça şonuň ýaly işler geçirilýär. Ahalteke bedewi we alabaý iti — halkymyzyň sungat kämilligine ýetiren jandarlarynyň özboluşly tohumlary bolmak bilen çäklenmeýär. Olar türkmeniň diňe hemralary hem-de kömekçileri däl-de, eýsem, wepaly dostlary bolup durýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gadymy tohumlaryň gelip çykyşynyň hem-de biziň günlerimize çenli ösüşiniň taryhyna bagyşlanan kitaplary türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda bedewleriň we alabaýlaryň eýeleýän ähmiýetli orny hakynda gürrüň berýär.

Atçylygyň we itşynaslygyň milli usullarynyň we däpleriniň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenilmegi türkmen halkynyň döredijilik durmuşynyň esasy hökmünde siwilizasiýany hem-de dünýä medeniýetini döretmäge goşan goşandyny açyp görkezmek maksadyndan hem ugur alýar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15079