TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Mejlisiň dowamynda şu ýylyň on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň geçen ýanwar-oktýabr aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde milli Liderimiziň öňde goýan möhüm wezipelerini çözmek boýunça amala aşyrylan işler, şeýle hem güýzki harby gulluga çagyryş möwsüminiň barşy barada hasabat berdi. Mundan başga-da, goranmak ministri häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaş raýatlaryny harby gulluga çagyryş we gullugy geçen esgerleri harby gullukdan boşatmak möwsüminiň dowam edýändigi barada giňişleýin habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli ýerine ýetirmekde degişli düzümleriň häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilmegine, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ornaşdyrylmagyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Milli goşunymyzyň ähli görnüşleriniň häzirki zaman harby tehnikalary bilen enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz goşun düzümlerinde we harby bölümlerinde şöhratly ata-babalarymyzyň nusgalyk göreldesi esasynda ýaş esgerleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Içeri işler ministri M.Çakyýew hasabat döwründe ýurdumyzda düzgün bozmalaryň öňüni almak we jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek babatda amala aşyrylýan anyk işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarda ulaglaryň sazlaşykly hereketini ýola goýmak maksady bilen, Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylygyň we tertip-düzgüniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow IIM-niň ähli düzümleýin bölümlerine häzirki zaman guramaçylyk usullarynyň we gurallarynyň ornaşdyrylmagyny, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny möhüm ugurlar hökmünde kesgitläp, ministre bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullygynyň başlygy Ş.Durdyýew şu ýylyň on aýynda Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek, döwlet Baştutanymyzyň serhet galalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, serhetçileriň söweşjeň taýýarlyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, dostluk we ýakyn döwletler hem-de halklar bilen hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň nesilden-nesle geçirilip gelinýän türkmen topragynda parahatçylygyň, asudalygyň üpjün edilmeginde serhetçilere möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz serhet gullugynyň işiniň netijelliligini üpjün edýän meselelere aýratyn ünsi çekdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýaş esgerleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň netijeli gullyk etmegi, doly derejeli dynç almagy we ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleri döretmek ugrunda alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew hormatly Prezidentimiziň başyny başlan hukuk özgertmeleriniň amala aşyrylyşy, şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, degişli kazyýet işleri alnyp barlanda kanunçylygy üpjün etmek, bu düzümiň işgärlerini hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ähli ugurlarda düýpli özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny belledi. Şunda, döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrýan milli kanunçylyk ygtybarly binýat bolup durýar.
Milli Liderimiz dogry çözgütleri kabul etmekde kazyýet edaralarynyň işgärlerine möhüm jogapkärçiligiň degişlidigini belläp, her bir işiň jikme-jik öwrenilmeginiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz kazylaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda Ýokary kazyýetiň başlygyna anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra Baş prokuror B.Atdaýew kanunçylygyň berjaý edilişine alnyp barylýan gözegçilik işleri we şu ýylyň başyndan bäri hukuk bozmalaryň öňüni almak ugrunda ýaýbaňlandyrylan köpugurly çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, tabşyryklaryň, ilkinji nobatda, kanunçylygy üpjün etmek we degişli prokuror gözegçiligini alyp barmakda öňde durýan wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýüz tutmalaryny jikme-jik öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz bu düzümde prokurorlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de gulluk wezipelerini ak ýürekden ýerine ýetirmegini üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny belledi we bu babatda Baş prokurora birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Türkmenistanda durnuklylygy, kanunylygy we tertip-düzgüni degişli derejede saklamak boýunça 2020-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmek ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Milli Liderimiz ministrligiň işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi we bu babatda milli howpsuzlyk ministrine anyk görkezmeleri berdi.
Soňra adalat ministri M.Muhamedow şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda täze kanunlary işlemek üçin teklipleri taýýarlamak, şeýle hem geňeşmeleri guramak arkaly hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň mazmunyny düşündirmek boýunça ilatyň arasynda geçirilen çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegi we mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegi döwrüň möhüm talaplarynyň biri hökmünde kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda hukuk gözegçiliginiň döwletiň we raýat jemgyýetiniň ösüşini dolandyrmagyň zerur gurallarynyň biridigini belläp, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow şu ýylyň on aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, milli Liderimiziň işiň usullaryny kämilleşdirmek we bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmek boýunça beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz bu edaranyň degişli düzümler bilen bilelikde alyp barýan işiniň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, umuman, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende galmagy möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu gullugyň gös-göni wezipelerinden hem-de ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan meseleleriň wajypdygyny belläp, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga yzygiderli üns bermegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz A.Sazakowy Döwlet migrasiýa gullugynyň başlagynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, täze enjamlary, sanly ulgamy ulanmak we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly degişli düzümleriň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz daşary ykdysady aragatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşinde bu düzüme möhüm ornuň degişlidigini belläp, onuň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň serhedinden geçýän ähli harytlaryň we ýükleriň jikme-jik hem-de birkemsiz gözegçiligini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselesine yzygiderli üns bermegiň wajypdygyny belledi we bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow şu ýylyň geçen on aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylýan anyk işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli amala aşyrýandygyny hem-de daşary ýurtlar bilen bolşy ýaly, abraýly halkara guramalary bilen netijeli hem-de özara gyzyklanma bildirilýän aragatnaşyklary ýola goýmak arkaly saýlap alan ugruna mundan beýläk-de eýerjekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de yzygiderli durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň milli howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň döredijilikli we abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine Milli goşunyň kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilendigini belledi.
Milli Liderimiz ähli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýşy üçin zerur şertleri döretmek wezipelerini wajyp ugurlaryň hatarynda kesgitläp, bu babatda wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna eziz Diýarymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmeginiň möhüm şerti bolan kanunçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň parahatçylygynyň, durnuklylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan gulluklarynda üstünlikleri arzuw etdi.
http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15084