DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we BMG-niň “Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň wideoragatnaşyk görnüşindäki bilelikdäki maslahaty boldy. Ol raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ählumumy möwsümini (# Ibelong) durmuşa geçirmegiň nobatdaky senesine bagyşlandy.

Onlaýn--duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kionematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet neşirýat gullugynyň, ýurdumyzyň gazetleriniň we žurnallarynyň, şeýle hem resmi feb-saýtlaryň wekilleri çagyryldylar.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde raýatsyzlyk esasy mesele bolup durýar. Ol dünýä ýüzünde esasy hukuklara we resmi taýdan yglan edilmegine mümkinçiligi bolmadyk adamlaryň millionlarçasyny öz içine alýar.

Ony aradan aýyrmak maksady bilen, BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissary 2014-nji ýylyň noýabr aýynda #Ibelong on ýyllyk möwsümi herekete girizdi. Onuň çäklerinde ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerie, demokratik ösüşiň we häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň esaslaryna ygrarly bolan dünýäniň köp sanly ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygy ýola goýuldy.

Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk döwründe BMG-niň kabul eden Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyny we bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleriň iş ýüzünde çözülmegini hem-de şeýle adamlaryň esasy hukuklarynyň goraglylygynyň üpjün edilmegini şertlendirýän onlarça taslamalar we maksatnamalar durmuşa geçirildi.

Maslahatyň dowamynda BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň işgärleri bu ählumumy möwsümiň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň ýeten derejesi barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle hem olar raýatsyzlyk meselelerini çözmek boýunça köpugurly işi alyp barýan Türkmenistanyň öňdäki orunlary eýeleýädigini nygtadylar.

Umumy pikire görä, raýatsyzlygy azaltmak we onuň öňüni almak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli işler bu ugurda bar bolan bilelikdäki tejribesini has-da baýlaşdyrdy we ol dünýä bileleşigi tarapyndan gyzyklanma bildirilip hem-de içgin öwrenilip, beýleki ýurtlar üçin nusgalyk derejä eýedir.

BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň agzasy bolup durýan Türkmenistan ählumumy ýagdaýlara işjeň gatnaşýar.

Ynsanperwer meseleleri boýunça esasy halkara şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulýan döwletimiz “Apatritleriň derejesi hakynda” we “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” ýaly BMG-niň raýatsyzlyk ýagdaýlaryna seslenmek boýunça halkara hukuk tagalalalary üçin ygtybarly binýat bolup durýan konwensiýalaryna hem goşuldy.

Blellenilişi ýaly, raýatsyzlygy bolmadyk adamlaryň hukugynyň goraglylygyny üpjün etmek, olara kömek bermek maksady bilen, Türkmenistan soňky ýyllarda birnäçe anyk işleri durmuşa geçirdi. Olaryň hatarynda halkara ynsanperwer hukuk kadalaryny milli kanunçylyga utgaşdyrmak, dünýä ähmiýetli iri wekilçilikli maslahatlary guramak, şeýle hem Hereketleriň ählumumy meýilnamasynyň çäklerinde giň möçberli ynsanperwer çärelerini geçirmek ýaly ugurlar bar.

Türkmenistanda 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça döwlet dereejsinde Hereketleriň milli meýilnamasynyň kabul edilmegi bu ugurdaky möhüm waka öwrüldi. Ol birnäçe anyk çäreleri göz öňünde tutýar.

Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň belleýişleri ýaly, 2011-nji ýyldan başlap, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 23 müňe golaýy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän döwründe bu işler üstünikli dowam edýär.

“Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän şu ýylyň iýul aýynda “Raýatlyk ýagdaýynyň namalary hakynda” Kanun kabul edildi. Ol ene-atalarynyň derejesine garamazdan, ýurdumyzyň çäginde doglan ähli çagalaryň hasaba alynmagyny kepillendirýär.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan hem-de ýurdumyzyň häzirki zamanyň meselelerine jogapkärli çemeleşmelerini şertldendirýän syýasatynyň üstünliki amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bitaraplyk derejesiniň halkara möçberinde nobatdaky gezek ykrar edilmegi Türkmenistanyň dünýäniň iň howpsuz ýurt hökmünle ygrar edilendigini alamatlandyrýar.

Munuň özi “Gallup” Halkara barlaglar merkeziniň geçiren barlaglarynyň we seljermeleriniň netijesi boýunça ykrar edildi. Ykdysdyýet we parahatçylyk institutynyň barlaglarynyň jemleri boýunça geçen ýyl ýurdumyzyň dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň hataryna girmegi bellärliklidir.

Duşuşygyň dowamynda raýatlyk we raýatsyzlyk meselelerini giňden açyp görkezýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerine möhüm ornuň degişlidigine üns çekildi. Bu işleri höweslendirmek maksady bilen, BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissary žurnalistler üçin bäsleşik yglan etdi. Olar bu ugra degişli wideoşekilleri hem-de çap edilen makalalary hödürläp bilerler.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15080